BIZE YAZYARLAR

Notany tiz okamak, zehin we ukypdyr

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallarynyň netijesinde, ata Watanymyzyň medenýetini, sungatyny ösdürmekde, ony dünýä çykarmakda, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde düýpli öňegidişikler gazanyldy. Ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertler döredildi.
Esasy okuwyň başlangyç döwründe notany tiz okap bilmek ukybyny ösdürmekdir. Notany tiz okamak meselesinde iki pikir bar. Käbir adamlar nota okamak ukybynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny öňe sürýärler. Meşhur Jozef Hoffmanyň “Tiz okamagy öwrenmegiň iň gowy usuly, mümkin boldugyndan notany köprak okamakdyr”. Hakykatdanam, hemişelik tejribe bolmazdan hiç hili ussatlyk gazanyp bolmaz. Tejribe zerur, ýöne tejribe okuwyň ýerini tutup bilmez. Onuň wezipesi okuw prosesinde bilimleri jemlemekdir. Ikinji nukdaýnazardan, notadan ýüz ugra okamak ukybynyň okuwçylaryň tehniki we saz ukyplary deň derejede ösdürilmegine sebäp bolýar. Hakykatdanam, tehniki başarnyklary ösdürmek meselesinde özümiz şuňa meňzeş maslahatlar bilen çäklenmeýäris: ”Has köp gamma çalyň, gönükmeleri ediň we çalt çalmany öwreniň”, ýöne okuwçylara tehnikany ösdürmegiň dürli usullaryny hödürleýäris. Notadan ýüz ugra tiz okamak okuwçynyň okuw prosesini ep-esli ýeňilleşdirýär, özbaşdak saz çalmak isleginiň döremegi üçin şert döredýär, şeýlelik bilen aýdym-saz gözýetimini giňeldýär we aýdym-saz mekdebini gutarandan soň ýitip gitmejek aýdym-saz ukyplaryny saklaýar.
Sazy öwrenmek prosesini daşary ýurt dilini öwrenmek bilen deňeşdirip bilersiňiz. Mekdebe çenli çagalar toparlarynda häzirki zaman usullaryna görä, daşary ýurt dilini öwrenmek, grammatika bilen däl-de, eýsem dilden gürlemek bilen başlaýar: çagalara daş-töweregindäki zatlaryň ady we adaty hereketler aýdylýar. Gysga manyly sözlemleri özleri eşidýärler we aýdýarlar. Okamak soňrak başlaýar we ilki bilen many we aýdylyşy ýaly eýýäm belli bir tema berilýär. Şeýlelik bilen sözüň ýazgysy, soňra bolsa söz düzümi okuwçynyň aňynda özüne mälim bir hereket bilen baglanyşyklydyr. Okamagy öwrenmek temanyň manysyna düşünmäge esaslanýar. Bu meňzeşligi doly hasaplap bolmaz, ýöne dilden we saz tekstlerini okamagyň arasydaky meňzeşlik gaty uludyr we saz öwretmekde saz notasynyň çalmazdan öň eşidiş wekilleriniň bolmagy gaty möhümdir. Sazlary dilden derňemek, sazyň ýokary ýa-da aşak gidýändigini we sazyň nädip bir hatarda ýa-da bir bellikde hereket etmegine öwrenişmek gaty peýdalydyr. Okuwçy aýdym aýtmak, çalmak we aýdymlary eşidip saýlamak bilen baglanyşykly belli bir eşidiş we öňegidişlik endiklerini toplansoň, aýdym-sazy notadan ýüz ugra okamak endiklerini ösdürip boljakdygyny ýatdan çykarmaly däldir. Her niçigem bolsa, notadan ýüz ugra okamak prosesinde gazanylan öndürijilik ukyplaryna esaslanyp, ýerine ýetirijilik ukyby tebigy ýagdaýda ösýär. Ilki bilen okuwçy mugallymyň ýanynda aýdym aýdýar, soň bolsa höwes
bilen olary eşidip çalýar we ýuwaş-ýuwaşdan notalaryň atlaryny ýadynda saklap başlaýar. Adatça okuwçylar bu düzgünleri aňsatlyk bilen öwrenýärler, “Notany ýüz ugra okamak” atly kitapda Mýunhen konserwatoriýasynyň dosenti W.Kaýlman şeýle ýazýar:”Notadan ýüz ugra okamagyň usulyny özleşdirmek üçin gözleriň we elleriň funksiýalaryny tapawutlandyrmaly. Biri-birinden boldugyça garaşsyz bolmaly, nazary diňe saz tekstine gönükdirmeli, barmaklar klawişalara seretmän çalmaly”.
Applikaturanyň belli bir umumy adaty formulalara esaslanýandygy hemmelere mälim. Bu formulalarda erkin gürlemek, notadan ýüz ugra çalanda aýratyn rol oýnaýar. L.A.Barenboým “Pianino pedagogikasy” atly kitabynda notadan ýüz ugra okamagynyň gowşak bolmagy köplenç okuwçynyň saz tekstinde barmaklaryny nädip goýmalydygyny we ilkinji çalyp başlanda haýsy barmakdan çalyp başlamalydygyny bilmeýänligindendir. Şonuň üçin esasy applikatura tehniki görnüşleriň adaty ýagny, gamma, arpedžio, goşa notalar we akkordlar köp ýerine ýetirmeli. Sazçylyk sungat mekdebiniň esasy meseleleriniň biri okuwçyda täze zatlary öwrenmäge, yzygiderli saz çalmaga, saz edebiýaty bilen tanyşmaga, sazy halaýan we düşünýän, iň esasy möhümi saz eserini özbaşdak çalyp bilýän sazandany terbiýelemekdir. Halypa- şägirtlik gatnaşygynda aýdym-saz sungatymyzyň inçe syrlaryny ýaş nesle, şägirtlerimize geçirmek biziň her birimiziň baş borjymyzdyr.

Aýna KASYMOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK – nyň ýanyndadaky D. Öwezow adyndaky
TDÝSM -niň mekdebiniň mugallymy.