2024-nji ýylda himiýa, fizika, ykdysadyýet, lukmançylyk boýunça iň uly ylmy açyşlary eden alymlaryň käbiri Nobel baýraklaryna mynasyp boldular. Lukmançylyk ugry boýunça bu baýraga amerikaly alymlar Wiktor Ambros we Gery Ruwku mynasyp görüldi. Degna ulgamy bilen bagly işi üçin bolsa Jon Hopfild we Jeffri Hinton fizika boýunça Nobeliň eýeleri diýlip yglan edildiler. Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen alymlaryň üçüsi — Waşington uniwersitetinden Dewid Beýker, «Google DeepMind» britan kompaniýasyndan Demis Hassabis we Jon Jamper beloklaryň gurluşyny öwrenmek boýunça işleri üçin sylaglanylar. Baýrak gowşurylyş dabaralary dekabr aýynda Şwesiýada geçiriler.
Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi

17
Oct