JEMGYÝET

«Nissan» sport elektromobilini çykaryp başlar

«Nissan» kompaniýasy bir orunlyk täze «Ariya Single Seater Concept» konseptual awtomobili görkezdi. Brendiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, model geljekde «Nissan»-yň elektrikleşdirilen sport maşynlarynyň daş keşbiniň nähili boljakdygyny görkezýär. Bu barada «Известия» ýazýar.

«Nissan Ariya Single Seater Concept»-de täze doly elektrikleşdirilen «Nissan Ariya» krossoweriniň bezeginiň ulanylandygy görünýär. Mysal üçin, awtomobiliň öň tarapynda «Nissan» maşynlarynyň häzirki bezeginde duş gelýän elektrikleşdirilen we stilleşdirilen ýanýan V harpy bar.

Konsept seriýalaýyn çykarylýan «Nissan Ariya» krossoweriniň elektrik motory bilen üpjün edilýär. Gürrüň görnüşine laýyklykda 218-den 394 at güýjüne çenli ýetýän hereketlendirijler barada gidýär. Onuň iň güýçli modifikasyýasynyň tizligi 5,1 sekundda 100 km/sagada çenli çykyp biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: