YLYM WE TEHNIKA

Neýroset 50 töweregi üme düşünýär

Peterburgly alymlar neýroseti üme düşünmegi öwretmegiň ýoluny tapdylar. Häzir emeli intellekt 50 töweregi ümi ýatlady. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Işläp taýýarlamanyň awtorlary — Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Sankt-Peterburg Federal barlag merkeziniň alymlary.

Neýroseti üme düşünmegi Pawlowskiniň eşidiş problemaly adamlary reabilitirleme Sebitara merkeziniň talyplary we mugallymlary öwretdiler. Neýroset aýtmak islenilen zatlaryň 90 göterimine düşündi.

Bu oýlap tapylma eşidişi bozulan adamlaryň ýaşaýşyny aňsatlaşdyrýan tehnologiýalary döretmek üçin gerek. Peterburgly alymlaryň işläp taýýarlamalarynyň esasynda şeýle adamlar üçin üme düşünýän elektron kömekçileri çykaryp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: