Döwletli Diýarymyzda eneligi we çagalygy goramak, nesilleriň sagdyn hem-de bagtyýar geljegini üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän Arkadag lukmançylyk
klasteriniň gurluşygy bilen tanyşmagy bu babatda möhüm ädimleriň biri boldy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek taslamalaryň taýýarlygy boýunça beren möhüm maslahatlary serginiň has guramaçylykly geçirilmeginde möhüm orna eýe bolar. Bu işler ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň sagdyn ösmegi, olaryň durmuşda giň mümkinçiliklere eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Dinara ASTANOWA,
Lebap welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň
dispanser bölüminiň müdiri.
