SPORT WE SYÝAHAT

«Nesil» futbol topary Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiliginiň ýeňijisi boldy

Türkmenabat şäherindäki 12-nji we 14-nji sport mekdeplerinde 2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça şäheriň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa Lebap welaýatynyň etraplaryndan we şäherlerinden, şonuň ýaly-da Aşgabat şäherinden hem bir topar gatnaşdy.

Duşuşyklaryň netijesinde iň ýokary görkezijä Türkmenabadyň «Nesil» futbol topary mynasyp bolup, arzyly kubogyň hem eýesi boldy. Paýtagtdan gelen topar ýaryşda ikinji orny eýeledi. Üçünji orna welaýat polisiýa müdirliginiň «Köpetdag — Lebap» futbol topary mynasyp boldy.

Ýaryşyň ýeňijilerine we ähli gatnaşyjylaryna welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: