DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Nemes tälimçisi Madridiň «Realy» bilen baglanyşdyrylýar

Fransuz žurnalisti Fransua Gallardo tarapyndan sosial ulgamlarda ýaýradylan habara görä, nemes tälimçisi Ýurgen Klop geljek tomusdan başlap Madridiň «Realy» futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenip biler. Habar berlişi ýaly, bu karar eýýäm geçen ýylyň dekabr aýynda kabul edilip, degişli şertnama hem baglaşylypdyr. Şeýle-de häzirki tälimçiniň topar bilen gazanjak netijeleriniň
bu çözgüde täsir etmejekdigi bellenilýär.
Mundan öň hem Madridiň klubynyň nemes hünärmenine bolan gyzyklanmasy barada dürli maglumatlar peýda bolupdy. Şeýle hem onuň ady Madridiň beýleki topary — «Atletiko» bilen hem baglanyşdyrylýardy. Ýatladyp geçsek, Ýurgen Klop soňky ýyllarda Angliýanyň «Liwerpul» toparyna ýolbaşçylyk edip, 2015–2024-nji ýyllar aralygynda üstünlikli işledi. Şol döwürde topar üç gezek
Ýewropa çempionlar ligasynyň finalyna çykdy hem-de 2018/2019 möwsüminde 97 utuk toplap, iň ýokary görkezijileriň birini gazandy.