Nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenilýär we oňa laýyklykda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen ykdysady ösüşi gazanmak bilen baglylykda, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçiligi ylmyň soňky gazananlary bilen dolandyrmak boýunça
maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokary derejelere çykarmakda beýleki pudaklar bilen bir hatarda nebitgaz toplumynda hem tutumly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurlygy we pudagy innowasion taýdan ösdürmekde “düşbi guýularyň” we “sanly ýataklaryň” taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidigini belledi. Bu bolsa
öz gezeginde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmeklik üçin wezipeleri öňde goýýar we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaklygy talap edýär. Şonuň esasynda, sanly ulgamy giň gerimde ulanmak arkaly önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak we ösdürmek talap edilýär.
Nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmakda sanly ulgama geçmeklik pudagy ösdürmekde oňyn netijesini berýär. Bu alnyp barylýan işlerden ruhlanýan nebit pudagynyň hünärmenleri hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, nebit önümçiliginiň ähli ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleriň gerimini giňeldýärler.
Bu işleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda diňe ulgamy kompýuterleşdirmegiň, maglumatlaşdyrmagyň däl, eýsem, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaklygy şertlendirýär. Sanly ulgama geçmekligiň özi nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak hem-de işläp taýýarlamak, düýpli barlaglaryň gazananlaryny nebit we gaz çykarmagyň hem-de ugratmagyň tehnikasyna we tehnologiýasyna ornaşdyrmak bilen baglydyr.
Türkmenistanda täze burawlanylýan nebit we gaz guýulary, şeýle hem ozaldan işledilip gelinýänleri kompýuterleşdirilýär. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar arkaly guýularyň önüm ýygnanýan dürli gatlaklaryna gözegçilik edilýär. Şu usulda sanly serişdeler we innowasion tehnologiýalar bilen çuňluklaryň
geologik gurluşynyň we önüm toplanýan gatlaklarynyň ýagdaýyny öwrenmek, bäş müň metr çuňlukdan gije-gündiziň dowamynda alynjak önümiň çaklamalaryny hasaplamak mümkinçiligine eýe bolundy.
Kenarýaka zolagy gury ýeriň deňze ýakynlaşýan çägini we ýalpak suwly bölekleri öz içine alýar. Nebitgazly zolaklara Gögerendag—Ekerem sebitine ugurdaş kenarýaka çäkleri degişlidir. Onlarça kilometre dowam edýän bu çäkde dürli çökündili gatlaklar ulgamy çuňluklara uzaýar.
Sanly ykdysadyýetiň maglumat çeşmelerinde Hazarýaka çöketliginde täze açyşlaryň tejribeleri innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen çuňluklarda ýatýan gatlaklarda örän uly uglewodorod serişdeleriniň toplanýandygyny hünärmenler belleýärler.
Innowasion we kompýuter tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen olaryň nebitgaz pudagynda ulanylýan ugry hem ep-esli giňeldi. Kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary netijeler uglewodorod çig malyny gazyp almak bilen bagly taslamalarda IT tehnologiýalary ulanylanda gazanylýar. Sanly guýy sanly ýatagyň
esasy bölegi bolup, ol abzallaryň kömegi bilen özi hem-de daşky gurşaw barada maglumatlary üznüksiz toplaýar we seljerýär, öz iş düzgünini sazlaýar, enjamlaryň işinde ýüze çykan näsazlyklary duýdurýar. Maglumatlar dispetçerçilik bölüminde oturan operatorlara, şeýle hem inžener-tehniki işgärleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň şahsy kompýuterlerine üznüksiz baryp gowuşýar. Bu bolsa nebit-gaz işlerine gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi üpjün edip, enjamlaryň meýilnamadan daşary boş durmagyny, ony abatlamak üçin çykdajylary azaltmaga, näsazlyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Oraz BAZAROW,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy