YKDYSADYÝET

Nebit we gaz kondensaty çykarylyşy artdy

Hasabat döwründe Lebap welaýatynda nebit we gaz kondensaty bilen birlikde 82,3 müň tonna çig mal çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,7 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 0,9 göterime deň boldy.
Welaýatda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de bar bolan känleriň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bu pudagyň ösüşine oňyn täsir edýär. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşine hyzmat edýär.