Ne režissýor, ne aktýorlar, suratkeş ýörite baýraga mynasyp boldy
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli Merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan
edilen «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly bäsleşige lebaply sungat ussatlary belli ýazyjy Osman
Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany esasynda Baýram Akadowyň ýazan «Altyn Jan» spektaklyny
hödürlediler. «Taryhy zenan şahsyýetiniň gahrymançylygyny iň gowy dabaralandyran sahna
oýny üçin» diýen ugur boýunça teatryň döredijilik toparynyň, şeýle hem «Spektaklda keşplere
gabat gelýän milli lybaslary taýýarlandygy üçin» teatryň eşikler boýunça suratkeşi Mähri
Gurbangeldiýewanyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmaklary teatryň döredijilik toparynyň
zähmetiniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.
Režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran spektaklynda öňe sürülýän esasy pikir Beýik
Seljuk Türkmen döwletiniň üstüne howp abananda, Togrul begiň aýaly Altynjanyň orta
çykmagydyr we döwletiň bitewüligini saklap galmagydyr. Spektaklda türkmen zenanynyň
mertligi, wepadarlygy, ugurtapyjylygy dartgynly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Taryhy
eserde Altynjanyň ýanýoldaşyna, maşgalasyna wepadarlygy, emele gelen çylşyrymly
pursatlardan salykatlylyk bilen baş alyp çykmaklygy türkmen zenanyna mahsus häsiýetler
hökmünde teswirlenilýär. Togrul begiň hem-de Altynjan hatynyň keşplerini döreden ýaş artistler
Döwlet Haýtgulyýewiň, Aýsenem Nazarowanyň zähmetiniň ýerine düşendigine tomaşaçylaryň
spektaklyň dowamyndaky dowamly elçarpyşmalary güwä geçýär.