SPORT WE SYÝAHAT

Naýbaşy futzal ligasy Maryda dowam edýär

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Mary welaýat tapgyryna badalga berilýär.
Ýurdumyzyň çempiony diýen at ugrunda alty sany futzal toparynyň bäsleşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» Aşgabat şäherine, ikisi, ýagny «Deňizçi» we «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT topary Balkan welaýatyna, «Ahal» bolsa Ahal welaýatyna degişlidir.
Ýaryşyň düzgününe laýyklykda, gatnaşyjylar dört aýlaw boýunça biri-biri bilen duşuşyk geçirip, noýabr aýynda ýeňijini kesgitlärler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, milli birinjilige gatnaşyjylar Mary şäherinde üç tapgyryň duşuşyklaryny geçirerler.