Garaşsyzlyk ýyllary içinde taryhy köklere daýanmak bilen türkmen halkynyň şekillendiriş sungaty uly ösüşlere we üstünliklere eýe bolýar hem-de birnäçe zehinli ussat sungat işgärleriniň kemala gelmegine giň ýol açyldy. Häzirki günlerimizde ýurdumyzyň ýetýän belent ösüşlerini, halkymyzyň milli hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy nakgaşçylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze eserleri döretmegiň maksady bilen ýaşaýarlar. Döwletimizde her ýyl Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilýän bäsleşikler we halkara derejesindäki dürli sergiler suratkeşleriň döredijiliginiň ösmegine hem-de tejribeleriniň artmagyna uly itergi berýär. Türkmen suratkeşleri ýurdumyzda we daşary ýurtlaryň köpüsinde şahsy döredijilik sergileri bilen çykyş edip, türkmen milli dünýewi şekillendiriş sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýarlar. Häzirki zaman nakgaşçylyk sungatynda şu günümiziň hakyky janly keşbini döretmek we gadymy çeperçilik däplerini gaýtadan işläp dikeltmek bilen milli sungatymyzy baýlaşdyrmakda ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde ýaşlara giňden köptaraplaýyn bilim berilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaşlarymyzyň tebigy zehinlerini ösdürmek we döredijilikde täze-täze ösüşleri açyp görkezmek maksadyna ugrykdyrylandyr. Olara halypa suratkeşler tarapyndan häzirki zaman surat çekmegiň dürli serişdelerinden peýdalanmagyň usullary, göwrüm we mazmun ýaly giň taraply düşünjeleriň çuňňur many-mazmuny barada giňden öwredilýär.
Her bir suratkeş döredýän eserine zehinini, yhlasyny siňdirip, çeperçilik tärleriniň öz aýratynlygy we ugry bilen tapawutlanýar. Suratkeşiň döredijiligi aýratyn özboluşly dünýädir we uly jogapkärçiligi talap edýär. Sungatyň dürli ýollary bar, şol ýollary saýlap almak, sungatda özüňe mynasyp ornuňy tapmak nakgaşçynyň esasy ýörelgesidir. Şeýle suratkeşleriň biri hem halypa ussat nakgaşçy Myrat Baltaýewiň döreden eserlerinde aýdyň görse bolýar. Myrat Baltaýew ýurdumyzda giňden tanalýan, Türkmenabat şäherindäki Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň halypa mugallymy, özüniň dürli temalarda çeken surat eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan ussat nakgaşçylaryň biridir. M.Baltaýew 1957-nji ýylyň 3-nji maýynda Dänew etrabynyň Boýunuzun obasynda eneden dogulýar we başlangyç bilimi 30-njy orta mekdebinde okaýar. Ol ýaşlygyndan örän zehinli bolup köp taryhy, ylmy we edebi kitaplary okamak bilen güýçli ýatkeş bolupdyr. M.Baltaýew 1995-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň agzasy, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2009-nji ýylda “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly atlaryň eýesidir. M.Baltaýew ýaşlygyndan çagalar çeperçilik mekdebinde surat mugallymy Anatoliý Rýabowdan başlangyç bilimini alýar we ony ilkinji halypasy bolandygyny suratkeş ýatlaýar. Şeýlelik-de ol nakgaşçylyk bilimini çüňlaşdyrmak maksady bilen Ol 1975-1979-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki ozalky Şotda Rustaweli adyndaky Türkmen Döwlet çeperçilik (uçilişesi) mekdebinde okaýar. Bu ýerde B.Atdaýew, Tretýakow, N.Bekmyradow, B.Hajyýew ýaly ussat nakgaş mugallymlaryň elinde okaýar we şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryna aralaşmakda, bilim terbiýe almak bilen olary halypalary hasaplaýar. Suratkeş sekillendiriş sungatynyň dünýewi biliminiň inçe syrlaryny has ýakyndan öwrenmek, bilmek üçin, öz bilimini çuňlaşdyrmak maksady bilen 2004-nji ýylda Moskwanyň döwlet Tehnologiki we dolandyryş uniwersitetiniň Şekillendiriş fakultetinde okaýar. Ol bu ýokary okuw jaýynda “Şekillendiriş sungaty kafedrasynyň” stanok nakgaşlyk bölüminiň professor mugallymy Ulýanowa Nataliýa Borisownanyň hem-de nakgaşçy S.A.Simernowanyň ussahanasynda okaýar we olardan kämil bilim alýar. Ol bu ýokary okuw jaýynda okaýan döwründe özüniň döreden özbaşdak döredijilik işleriň surat sergilerinide gurnaýar. Häzirki döwürde suratkeşiň ussahanasynda Moskwada okan döwürlerinde, rus tebigatynyň berýozaly tokaýlyklaryny, oba durmuşyny we gyş paslynyň owadan pursatlaryna bagyşlap çeken peýzaž eserleriniň birnäçesi talyplyk döwrüni ýatladýan ýadygärlik hökmünde saklanylýar. Nakgaşçy öz eserlerinde çylşyrymly pikiri gozgasada ony ýönekeý şekilleriň üsti bilen çözmegi başarýar. Onuň her bir çeken nakgaş eserinde durmuş bilen ýaşaýyşyň dowamlylygy we ruhy gymmatlyklarymyz suratkeşiň içki oý pikirleri, dürli reňkleriň üsti bilen örän inçeden görkezilýär. Suratkeşiň islendik eseri Türkmenistan ata Watanymyzyň milli gymmatlyklarynyň waspyny ýetirýär we realistik filosofiýanyň üsti bilen halkyň hal ýagdaýyny öňe çykarmakdan ybaratdyr.
Myrat aga talyplyk ýyllaryndan başlap ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda geçirilýän dürli surat bäsleşiklerine, sergilere gatnaşyp köplenç görnükli orunlary eýelemegi başarýar hem-de gymmat bahaly sowgatlara, sylaglara mynasyp bolýar. 1990-njy ýylda “Ýer we adamlar” (Zemlýa i lýudi) atly SSSR-iň surat simpoziumyna birnäçe döwletleriň suratkeşleriň arasynda gatnaşýar. Italiýa we Fransiýa döwletlerinde Gyrgyzystan, Täjigystan we Türkmenistan döwletleriniň hakgaş we grafika eserleri boýunça geçirilen bäsleşige özüniň “Türkmen bahary” atly eseri bilen gatnaşyp ikinji orna mynasyp bolýar. 1991-nji ýylda geçirilen Halkara Suratkeşleriň simpozimunyň surat bäsleşigine öz döreden “Çuwaşýanyň meýdan gülleri”, “Portret Lukina” (traktorçy adam hakynda), “Garry söwüt” (Staraýa iwa) atly işleri bilen gatnaşyp birinji orny eýeleýär. Suratkeşiň bu işleri häzirki wagtda Çuwaşiýanyň milli muzeýinde saklanýar we şekillendiriş sungaty eserleriniň üstüni baýlaşdyrýar. Ol Aşgabat şäherinde birnäçe gezek dürli ýyllarda geçirilen Lebaply suratkeşleriň gurnan surat sergilerine hem öz döreden işleri bilen işjeň gatnaşýar. 2017-nji ýyla M.Baltaýew Aşgabat şäherinde suratkeşleriň Surat sergi köşgünde 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli özüniň şahsy surat sergisini gurnaýar we surat muşdaklary tarapyndan ýokary baha eýe bolýar. Halypa suratkeş öz okadýan talyplary we şägirtleri bilen birnäçe gezek “Halypa we şägirt” atly surat sergilerini Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem-de Seýdi, Farap etraplarynda halk köpçüliginiň arasynda gurnaýar.
M.Baltaýewiň yhlas siňdirip döredýän her bir eserini synlanyňda, özüňi täsin bir dünýä düşen ýaly duýýarsyň. Suratkeş dürli açyk ýyly, sowuk reňkleriň üsti bilen geň galdyryjy iňňän ýakymly duýgulary özünde jemleýän, göwnüňi galkyndyrýan, ruhuňy göteriji örän çuň many-mazmuna eýe bolan eserlerinde öz oý pikirini örän hakykatçyllyk we ussatlyk bilen görkezmegi başarýar. Suratkeşiň döredijiligine syn edenimizde, hakyky akademizim mekdebiniň syrlaryny we realistik ugrynyň akymyny, dürli sowuk reňkleriň esasynda dörän eserlerinde görýäris. Onuň döredijiliginde uly orun tutýan dürli temadaky eserleriniň we natýurmort işlerine syn edenimizde suratkeşiň Watana, sungata, tebigata, halkyň geçmiş taryhyna, ruhy ahlaklyga, milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz söýgüsini görse bolýar. Nakgaşçy ýurdumyzda bolýan özgerişikleriň, ösüşleriň döwründe şekillendiriş sungatynyň ösmegine mynasyp goşandyny goşýar we döwür bilen aýakdaş hereket etmegi başarýar. Onuň döreden birnäçe eserleri Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminde görkezilýär. Suratkeşiň „Astanababa“, „Baýhatyn“, „Saltyklar mukamy“, „Garry aýalyň suraty“ ýaly nakgaş eserlerinde döwrüň milli aýratynlyklary, taryhy we durmuşy wakalary giňden janlandyrylýar. Suratkeşiň bu eserlerinde esasan türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşpleri we dürli ýyllarda geýinen milli egin-eşikleri, taryhy ýadygärliklermiz hakyky durkunda görkezilýär. Halypa suratkeşiň bu işleri geljekde milli mirasymyzy we sungaty öwrenijiler üçin uly baý çeşme hem-de ylmy hazyna bolup durýär. Mysal üçin suratkeşiň „Garry aýalyň suraty“ – (110 x 80, kendir, ýagly reňk) diýen nakgaş eseri portret häsiýetindäki surat bolup, Garabekewülli ýaşuly türkmen zenanyň nurana, mähirli ene keşbi görkezilýär. Bu keşbiň üsti bilen milli egin-eşiklerimiz we aýal baş gaby bolan sary bogmajyň özboluşly dakylyş usullary, tolkunly epinleri baý reňkleriň üsti bilen örän täsin owadan şekilde çekilipdir. Eserde türkmen zenanynyň alkymynyň aşagy bilen dolanyp ýapylan sary bogmajy, kellesindäki owadan maňlaýlyk kümüş şaý–sepi, dürli reňkli ýaglyklarlaryň bir-biriniň üstünden hatarlap owadan edip daňmak usuly özboluşly börük şekilinde görkezilmegi has-da täsirlidir we özüne çekijidir. Şu ýerde halypa suratkeşiň halkymyzyň geçmiş taryhyny, medeni we ebedi mirasyny gowy bilýändiginden, dünýä sungaty bilen baglanyşdyryp geljege göz ýetirip, öz öňünde goýan uly maksatlaryny amala aşyrýandygyndan habar berýär. Bu surat bize, şeýle usulda ýaglyk we maňlaýyna şaý-sep dakynmak däbiniň Lebap welaýatynda ýaşaýan türkmen ärsary zenanlaryna mahsusdygyny we 1980-nji ýyllaryň ahyrlaryna çenli dowam edendigi barada gürrüň berýän ylmy subutnama hökmünde görkezýär. Bu usulda bogmajyň geýilmegi bu aýalyň merdemsi keşbine has-da haýbatly, belent başly, parasatly bolup görünmegine getirýär. Eserde ýyly we sowuk reňkleriň reňk sazlaşygy örän gowy edilip berilipdir hem-de zenanyň ýüzündäki ýygyrtlar bolsa uzak ýyllaryň bu aýala beren peşgeşi diýip doly aýtsa bolar. Eser durşy bilen taryhy belli bir döwre degişli bolup, durmuşda köp gowgalary, durmuşyň ajysyny we süýjisini başdan geçiren enedigini görkezýär. Eseriň fonunyň sowuk reňkler bilen çekilmegi bolsa suratdaky zenanyň keşbiniň öňe çykmagynda uly orny eýeleýär.
“Saltyklar mukamy”-(1.65 х1.40 sm, kendir, ýagly reňk)-bu eser adyndan belli bolşy taryhy tema degişli bolup, Seljuklar döwletiniň döremeginde uly yz galdyran Saltyklar imperiýasyny döreden türkmen döwletiniň taryhda uly ähmiýete eýe bolan saltyklar mukamynyň üsti bilen ýaşlarda Watanymyza, Garaşsyzlygymyza bolan söýgini oýarmakdan hem-de bagtyýar zamanamyzda ýaňlanýan agzybirlige, jebislige çagyrýan owaz bolup ýaňlanýar. Ýedi bölümden ybarat bolan Saltyklar mukamynyň içinden türkmen taryhynyň pelsepesi eriş-argaş bolup geçýär. Bu mukam geçmişde türkmenleriň döwlet gimni hökmünde ýaňlanmak bilen, olaryň ýüreginde ornapdyr we birleşdiriji güýç bolup, täze uly işlere çagyryş hem-de döwletleri gurmakda uly ýeňişlere alyp baranlygynyň alamatlary bolup filosofik pikirleriň üsti bilen öňe sürülýär. Şol eserde beýan edilýän taryhy wakalar nakgaşçynyň döreden suratyndaky şekillere geçýär. Nakgaşçy eserinde saltyklar mukamynyň ýaňlanmagyny biziň günlerimizde ýaşlaryň kalbynda täze başlangaçlara, ösüşlere itergi berýän sungatyň özboluşly güýjidir we täzeden janlanmagyny açyp görkezmäge çalyşýar. Eserde şol döwürleriň janly şaýady bolan, uzaklardan seleňläp görünýän biziň günlerimize gelip ýeten gadymy ýadygärlikleriň biri XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýynyň görkezilmegidir. Taryhda belli bolşy ýaly Saltyklar döwleti halkyň özbaşdak Garaşsyz döwlet bolup ýaşamagy ugrundaky syýasy pikirleri öňe süren döwlet bolupdyr. Bu ýadygärlik şol döwürler bilen baglanşykly bolup, taryhdan biziň günlerimize gelip ýeten şaýadydyr. Eserde üç sany türkmen gyzlarynyň dürli pursatlardaky keşpleri ilkinji orunda görkezilýär. Suratda milli eşikli türkmen gyzlarynyň ruhybelent, şadyýanlykda, agzybirlikde saz çalýan pursatlary bolsa, Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat, asuda asmanyň astynda ýaşaýan türkmen halkynyň ajaýyp durmuşyny, geçmişde köp gowgalary başdan geçiren halkdygyny, milli saz gurallarymyzyň üsti bilen Garaşsyzlygymyza bolan ymtylyşy giňden beýan edilýär. Ýene-de bu gyzlar täze dogup gelýän gün şöhleleriniň astynda ruhybelent, şadyýanlykda, agzybirlikde saz çalyp, täze durmuşyň waspçylary, tugy ýaly bolup duýulýar. Asyrlaryň dowamynda taryhyň köp wakalaryna şaýat bolan Amyderýanyň ýuwaş akymy we asmandaky dogup gelýän täze günüň şapagy bolsa, şu günki parahat durmuşymyzyň buşlukçysydyr. Türkmen halkynyň gadymy halkdygyny özüniň gelip çykyşynyň Oguz handan gaýdýanlygy milli saz guralymyz dutaryň, gopuzyň owazy we agaç sütünde asylgy duran Oguz hanyň elipbiýiniň hat ýazuwy bolan Saltyklaryň tagmasynyň görkezilmegi eseriň taryhylygyny we many-mazmunyny has-da çuňlaşdyrýar. Gyzlaryň gapdalynda ýazylgy saçakdaky mukaddes çörek bolsa halkyň agzybirligini, ýeke-täk Garaşsyz döwletdigimizi görkezýär. Gyzlaryň her bir hereketi diýseň ynandyryjy we özüne çekiji bolup, asuda öwüsýän şemalyň ugruna gymyldaýan hereketleri bolsa parahat durmuşymyzyň dowam edýändigini subut edýär. Eserdäki milli saz gurallarymyz, şaý-seplerimiz, milli eşiklerimiz bolsa türkmen halkynyň müdimi mirasydygyny we kämil sungat eserleridigini görkezýär. Umuman nakgaşçynyň eserlerinde onuň içiki oý pikirlerini dürli reňlere geçiren şekilleriň arasyndan syzyp almak bilen örän inçe duýgylar esasynda beýan edilýär. Myrat aganyň uly göwrümli bu eseri 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan yglan edilen “Muňa ajap Türkmenistan diýerler” atly bäsleşiginde ikinji orny eýeleýar.
Suratkeşiň döredýän suratlarynyň arasynda peýzaž eserleri has-da görnükli orny eýeleýär. Peýzaž eserlerinde suratkeş öz daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň ajaýyň gözelligini, onuň dürli wagtdaky ýagdaýyny, keşbini, şäherdir we obalary suratlandyrmak bilen ilkinji nobatda tebigatyň açylmadyk syrlaryny görkezmäge çalyşýar. Şeýle eserlerde esasy orun tebigata berilýär. Onuň döreden peýzaž eserlerinde daglaryň, deňizleriň, tokaýlaryň, sähralaryň janly ruhuny tebigy gözellikleriň üsti bilen duýup bilýäris. Halypa suratkeşiň döreden eserleriniň aglaba böleginde müňýyllyklardan bäri joşgunly akyp duran gojaman Amyderýanyň dürli möwsümlerdäki görnüşi we mizemeýän edebi görnüşi uly oruny eýeleýär. Onuň derýa bilen bagly çeken eserlerinde gözellik hiç haçan suratkeşden üzňe düşmeýär. Gözellik göniden-göni suratkeşiň içki dünýäsiniň oý pikirleri bilen hyýaly dünýäsindäki gymmatlyklaryň özara sazlaşygynda döreýär. Suratkeşiň borjy diňe bir gözelligi görkezmekden ybarat bolman, onuň täze görnüşlerini açmakdyr. Eserlerdäki reňkler gözellik bilen birleşip özboluşly sazlaşygy döredýär we filosofik pikirlerlenmäni öňe sürýär. Şonuň üçinem suratkeş öz döreden eserlerini ömrüniň manysy hasaplaýar, reňkler bolsa onuň ýüregidir. Şeýle eserlerde suratkeşiň dünýägaraýşy, içki duýgulary, gözellik hakdaky oýlanmalary uly orun almak bilen suratlaryny synlan tomaşaçylaryň ýüregine köpri bolup geçýändir. Suratkeşiň her bir döreden peýzaž eserlerine seredenimizde arassa, tämiz howaly, ak bulutly gök asman, asyrlaryň dowamyndan bäri gojaman derýanyň tolkun atýan suwlary, bir ugra öwüsýän bahar şemalynyň ugruna haýdap barýan, bäsleşýän ýaly görünse, beýleki bir eserinde asman bulutlarynyň ýalkymy, bulutlaryň arasyndan paran geçýän gün şöhleleriniň kölegesi derýa suwuna düşüp asuda ýaşaýyş durmuşyň waspçysy bolup görünýär. Suratkeşiň döredijiliginde syn edenimizde onuň gowy görýän sowuk goýy mawy, gök reňkleri has köp ulanýandygyny görse bolýar. Bu reňkler ýaşaýyşyň, müdimiligiň we çuň many-mazmunly oý-pikirleriň nyşany bolup durýar. Şeýdip nakgaşçy öz eserlerinde derýa suwunyň bir sydyrgyn atýan tolkunlaryny, tämiz şemaly, parahat durmuşy, gözelligi, baharyň ajaýyplygyny wasp edýär. Oňa mysal edip “Amyderýada bahar”, „güýz petdeleri“, “Amyderýa”, “Agşamara”, “Amyderýada”, “Jeýhun derýasy”, “Amyderýa säheri” ýaly birnäçe peýzaž eserleri ösüp gelýän ýaş nesillerimizde türkmen tebigatynyň owadanlygyna, gözelligine göz ýetirmek bilen, ony söýmegi, arassa gorap saklamagy we adam tarapyndan ösýän ösümliklere hiç hili zyýan ýetirmeli däldigine, geljek nesillerimize miras galdyryp, gözümiziň göreji ýaly saklamalydygymyzy ündeýär we borçly edýär. Umuman halypa suratkeşiň peýzaž eserleri parahat, asuda öňe barýan okgunly durmuşy görkezmek bilen, bahar paslynyň ajaýyp gözelliklerini, tämiz arassa daş säherini, yssy howany we bulutly günleri köpräk wasp etmegi başarýar. Bu görkezilýän we beýan edilýän wakalar şekilleriň üsti bilen halka türkmen realistik filosofiýasyny, milli gymmatlyklarymyzy giňden açyp görkezmekdir.
M.Baltaýew ýurdumyzda bellenilip geçilýän birnäçe baýramçylyklara, ýubileý çärelerine bagyşlanyp gurnalýan surat sergilerine özüniň döreden täze eserleri bilen ýygy-ýygydan gatnaşyp durýar. Galybersede muzeýimizde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda suratkeşiň eserlerinden dürli temadaky surat sergileri gurnalyp durylýar. Bu bolsa suratkeşiň döredijiliginiň köp taraplydygyny giňden açyp görkezýär. 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-na çenli aralykda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Suratkeşleriniň Surat sergiler köşgünde özüniň şahsy döredijilik sergisini gurnaýar. Bu sergide Myrat aga dürli temalara degişli surat eserleriniň ýygyndysyny nakgaş suratynyň muşdaklaryna hödürleýär. Myrat aga soňky döwürlerde taryhy temalara degişli “Tumar şa”, “Myrat pir bagşy”, “garry tut” we welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşýän Osty we Amul galalarynyň keşpleri bilen milli gymmatlyklarymyzyň özara sazlaşygyndan uly kompozisiýadan ybatar bolan triptih nakgaş eserlerini döredýär. Suratkeşiň taryhy temalarda döreden eserleri bolsa, onuň okmuş adamlygyny we taryhy wakalara degişli ylmy maglumatlary köp okaýanlygyny subut edýär. Ol bu eserlerde adamlaryň ýüz keşplerindäki düýgularyny, olaryň içki dünýäsini filosofik garaýyşlaryň we şol döwrüň milli gymmatlyklaryň nusgalarynda dürli reňkleriň sazlaşygynda bilen görkezmegi başarýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şu günki şekillendiriş sungaty özüniň taryhynyň gyzykly döwrüni başdan geçirýär. Bu sungat il içinde uly abraý gazanyp, halkyň arasynda özüniň wepaly muşdaklaryny tapýar. Medeniýetiň we sungatyň, has-da şekillendiriş sungatynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, düýpli kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň belent başy aman bolsun!.
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, sungaty öwreniji
Ogulgerek Agajanowa.