BIZE YAZYARLAR

Nagyşlara siňen taryh

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri gündelik durmuşda ulanylýan
zatlarda nagyş şekillendiripdirler. Muňa biziň eýýamymyzdan öňki V
müňýyllyklara degişli Jeýtun medeniýetiniň kulalçylyk önümlerindäki tolkun çyzyklar, megerem suwy aňladýan bolsa, ýaýjyk balyk teňňeler, tor görnüşli çyzyklar gamyş dokmasynyň nagşyny ýatladýan şekiller şaýatlyk edýär.
Biziň eýýamymyzdan öňki IV-III müňýyllyklar döwründäki Göksüýri we
Garadepe sebitlerinden tapylan keramika önümlerde atanaklar, üçburçluklar, romblar, basgançakly piramidalar, byçgy, egrem-bugram görnüşli nagyşlar giňden ulanylýar. Bu döwürde nagyşlar has  hem geometrik şekilinde köp ulanypdyrlar. Bu nagyşlar bilen bir hatarda ösümlikleriň, haýwanlaryň, adamlaryň şekilleri köp ýaýrapdyr. Haýwan şekillerini suratlandyrýan toýun gap-gaçlaryň köpüsi Garadepeden tapylypdyr. Dag geçileri, barslary, toklutaý, ördek, bürgüt ýaly guşlaryň atanaklar, piramida basgançaklary bilen gezekleşdirmegi şol wagtlar totemizm (öňany) dini düşünjeleriň ýüze çykandygyny subut edýär.
Nagyş hyýaly hem şertli sungat bolsa-da, şol bir wagtyň özünde anyk dünýäden hem bütinleý üzňe däldir. Gadymy adamlaryň nagyşlary nyşan-alamat ýa-da hat hökmünde şertli belgileriň üsti bilen edip ulanmaklary, olaryň dünýägaraýyşyny kesgitleýär.
Hasyllylygyň şertli alamatlary hökmünde geometrik şekilleriden, ösümlik
nagyşlardan, haýwan şekillerden:dag tekesi, goçuň şahy, ýylan, guşlaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Daş-töweregimizi gurşap alýan gözellikleriň ählisini biziň gyz-gelinlerimiz ussatlyk bilen owadan nagyşlaryň üsti bilen öz geýjek eşiklerine geçirýärler.
Dag tekesi, goçuň şahy, goçak-şeri ýaýradýan güýçleriň böwet bolýan jadyly goragçy, adatdan güýç-kuwwatyň eýesine; ýylan bolçulygy, baýlygy; guş bagty, saglygy aňladypdyr. Rowaýatlarda uçýan guşlary Güne deňäpdirler, olary adamyň ruhy hasaplapdyrlar. Haly önümlerinde giňden ulanylýan „Goçak“ nagşy şol dag tekeleriň we goçlaryň şertli belgileridir.
Amaly-haşam sungatynyň baý nagyşlary türkmen halkynda irki döwürlerden bäri saklanyp galandyr. Bu sungatyň köküniň çuňlugy taryhy waka bolup, häzirki döwürde hem ony öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.

Jumagül ATAHANOWA,
Çärjew etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň surat mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: