Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýuldy

May 8, 2020

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki harby memorialynda oturylan näbelli esgeriň ýadigärligine gül goýmaga gatnaşdylar.

Bu ýerde oturdylan näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde Türkmenistanyň hökümetiniň we ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň adyndan hem gül goýuldy.

06
04
02
01
05
03

Previous
Next

Harby memorialda Türkmenabat (şol wagtky Çähjew) şäherine göçürilip getirilen gospitalda ýarasyndan ýogalan esgerler jaýlanan. Şondan bäri olaryň mazarlaryna garaşyk edýärler, Ýeňiş gününiň öň ýanynda we şol gün bolsa bu ýere gül desselerini goýýarlar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenilmeginiň öň ýanynda bolsa bu ýerde düýpli abadanlaşdyryş işleri geçirildi we memorialyň daşyna haýat tutuldy.

Çärä Türkmenabat şäheriniň gemgyýetçilik wekillleri, urşa gatnaşanlaryň agtyklary we çowluklary hem gatnaşdylar.

Şol gün «Aýly agşam» toý mekanynda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlap, sadaka berildi.

https://www.youtube.com/watch?v=Fr39uNcPA-8

Поделиться ссылкой: