BIZE YAZYARLAR

N. A. Rimskiý – Korsakowyň doglan gününiň 180 ýyllygyna

Rus halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý sungaty bar. Rus halkynyň sazyny ösdürmekde, baýlaşdyrmakda rus kompozitorlarynyň ägirt goşantlary bardyr. M.I. Glinka, A.P. Borodin, M.P. Musorgskiý, P.I. Çaýkowskiý, N.A. Rimskiý – Korsakow, A.N. Skrýabin, S.W. Rahmaninow, I.F. Strabinskiý, S.S. Prokofýew, D.D. Şastakowiç ýaly beýik kompazitorlar rus saz medeniýetiniň altyn
hazynasyny emele getirdiler. Dünýä nusgawy sazyny rus kompozitorlarynyň eserleri bolmazdan pikir edip bolmaýar. XIX asyrdaky rus kompozisiýa mekdebi, Ýewropanyň aýdym – saz sungatyny, rus halk saz sungaty bilen birleşdiren beýik mekdepdir.
Nikolaý Andreýewiç Rimskiý-Korsakowyň döredijiligi rus milli saz sungatynyň şahyrana we özboluşly gözelliginiň janly beýanydyr. Kompozitoryň saz mirasy baý we dürlidir. Kompozitoryň operalarynyň mazmuny we çeperçilik keşbi, gurluşy we saz dramaturgiýasy juda dürlidir. Rimskiý-Korsakowyň saz diliniň ajaýyp we özboluşly aýratynlygy – onuň saz beýan ediş we lad-garmoniki serişdeleriniň täzeçilligi we dürli-dürli reňkliligidir. Rimskiý-Korsakow beýik ussat bolup, ol orkestriň hem şahyrydyr. Eseriň instrumental tarapy hem kämildir, saz serişdelerinde
leýtmotiw usullary, orkestr epizodlaryň baýlygy “Sadko” operanyň
simfoniýalaşdyrylmagyna şaýatlyk edýär. “Patyşanyň gelinligi” – Rimskiý-
Korsakowyň döredijiliginiň opera dramatiki stiliniň ynandyryjy mysalydyr.
“Patyşanyň gelinligi” atly operasy Meýiň adybir dramasynyň sýužetiniň esasynda döredilýär. XIX asyryň soňunda “Patyşanyň gelinligi” atly operasy rus opera mekdebinde liriki-psihologiki žanrynyň ösüş ewolýusiýasyny jemleýär. Rimskiý- Korsakow gyzykly saz edebiýat işlerini hem döredýär, olar biziň günlerimize çenli öz ylmy-saz ähmiýetni ýitirmeýär. Olardan: “Meniň saz durmuşymyň senenamasy” (“Летопись моей музыкальной жизни”), “Gurallamanyň esaslary” (“Основы
оркестровки”), “Garmoniýa okuw kitaby” (“Учебник гармонии”), şeýle-de birnäçe makalalary (olaryň arasynda awtoryň gutarylmadyk “Garpamyk” operanyň derňewi aýratyn saýlanýar) belläp bolar. Umuman beýik kompozitoryň her bir eseri rus saz medeniýetiniň ösmeginde uly ähmiýete eýedir. N.A. Rimskiý – Korsakowyň döredijiigini wasp etmekde, Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde kompozitoryň doglan gününiň 180 ýyllygy mynasybetli sazly konsert geçirildi. Sazly konsertiň dowamynda, kompozitoryň ömri we döredijiligi barada giňişleýin duryp geçildi we dürli žanrdaky eserleri mekdebiň okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Konsertiň maksatnamasyna laýykda, mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nepesowa Ajap “Ýa na kamuşke sižu”, 4-
nji synp okuwçy Baýramowa Maral “Towşanjyk” ýaly romanslary ýerine ýetirdiler. Kompozitoryň operalaryndan bölek sazlar ýagny, “Maý gijesi” operasyndan “Aýdym” mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Daýanç Rejepow, “Garpamyk” operasyndan “Prowody zimy” 2-nji synp okuwçy Akyýewa Aýgül, “Sadko” operasyndan “Hüwdi” 2-nji synp okuwçy Rozyýew Remezan ýene-de şol operadan “Zaigraýte moi guselki” 6-njy synp okuwçy Orazowa Şirin, “Patyşa Soltan hakynda erterki” operasyndan “Hüwdi” mekdebiň 2-nji synp okuwçylary Mamedow Hajymelik we Faruhowa Narmina şowhun bilen ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen ajaýyp eserler diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Kompozitoryň Gündogar arap ýurtlarynyň dürli öwüşgünlerini, halkyň durmuşy şekillerini, gözel tebigatyny suratlandyrýan “Şährizada” simfoniki sýuitasyndan mekdebiň tans hünäriniň 3-4-nji synp okuwçylarynyň ýerine ýetiren tanslary has-da şowhunly boldy. Sazly konsert “Sadko” operasyndan “Hindi myhmanyň aýdymy”
mekdebiň mugallymlary Delakowa Ferangiz we Orazowa Jennet tarapyndan ýerine ýetirildi we tamamlandy. Beýik kompozitoryň doglan gününiň 180 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu sazly konsert diňleýjilerde uly täsir galdyrdy we rus saz medeniýetiniň beýik ösüşini görkezdi.

Jennet Orazowa we Dildara Mamedowa,
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary