Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan wagtlaýyn sergi işleýär.

Welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde guralan sergide muzeýiň gaznasyndan we sport edaralaryndan alnan eksponatlar goýlupdyr. Onda sport enjamlary, lybaslary, lebaply türgenleriň dürli ýaryşlarda gazanan kuboklary we beýleki baýraklary, soňky ýyllarda gurlan saglygy goraýyş edaralarynyň, lukmançylyk enjamlarynyň suratlary goýlupdyr. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini açyp görkezýän, dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin düşünje berýän kitaplara we maglumatlara aýratyn orun berilipdir. «Buýan» obasenagat toplumynda dermanlyk ösümlikleriň biri bolan buýanyň köküni taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hem öz beýanyny tapypdyr. Şonuň ýaly-da, olardan alynýan önümleri goýlupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: