MEDENIÝET

Muny bilýärdiňizmi: Amyderýanyň gadymy geçelgeleri

Örän irki döwürlerden bäri Oksus, Oks, Amul, Jeýhun diýen atlar bilen tanalan Amyderýa kenarýaka çäklerde ýaşan halklary bol suw bilen üpjün etmekden daşary gadymy medeniýetiň çatrygyndaky Baktriýany, Sogdianany, Margianany we Horezmi Ýewropa ýurtlary, Hindistan, Hytaý bilen birikdirýän kerwen ýollaryny öz üstünden geçiripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, söwda kerwenleriniň ikitaraplaýyn hereketini amala aşyrmakda derýanyň geçelgeleriniň möhüm ähmiýeti bolupdyr. Geçelgeler iri ýaşaýyş we söwda merkezlerine barýan ýollaryň ýakyn we amatly bolmagy nazara alnyp
gurlupdyr. Töwereginde geçelgäniň bolmagy ilatly ýerleriň giňelmegine we ösmegine uly itergi beripdir.
Geçelgeler gurlanda, derýalaryň giňligi, çuňlugy, akymynyň güýji we gerekli gurluşyk serişdeleriniň elýeterliligi göz öňünde tutulypdyr. Hanasy dar we ýalpak derýalarda agaç köprüleri gurmak mümkinçiligi bolupdyr. Amyderýa ýaly giň, çuň, bol suwly we güýçli akymy bolan derýalarda gämileri, gaýyklary we meşikleri ulanyp, ýüzýän köprüleri gurupdyrlar. Onuň üçin gämileriň, gaýyklaryň burun tarapyny suwuň akymynyň tersine bakdyryp, olara içi daşlardan doldurylan piramida görnüşli örülen sebetleri ýüpler bilen berkidip, derýanyň düýbüne taşlapdyrlar we gäminiň bir ýerde gozganman durmagyny gazanypdyrlar. Şeýdip bir hatar ýerleşdirilen gämileri nawlar bilen biri-birine
berkidip, agaçlaryň üstüni keseligine tagtalar bilen ýapyp, köpriniň iki gapdalyny hem germewläpdirler. Geçelgeleri gurmagyň gadymdan gelýän ýene bir usulynda, geçiniň hamyndan edilen meşikleri saman we gury otlar bilen dolduryp, olary atanaklaýyn seplenen uzyn syryklara berkitmek bilen suwda gaýmagyny gazanyp, ýolagçylary we ýükleri derýadan aşyrypdyrlar.
X asyr arap syýahatçysy Abu Abdylla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Kelif bilen Amulyň arasynda 16 sany geçelgäniň bolandygyny agzap geçýär. Gadymy Kelif, Zemm geçelgeleri Samarkant we Buhara şäherlerini Owganystanyň Balh, Kabul, Gerat ýaly çäkleri bilen birikdirýän esasy geçelgeler bolupdyr. Rus alymy W.W.Bartold «Orta Aziýanyň taryhy boýunça umumy işler» atly eserinde Iskender Zülkarneýniň öz goşuny bilen Kelifiň ýanynda derýadan geçendigini çaklapdyr. Irki zamanlardanbäri ulanylyp başlanan Amul geçelgesi Merw bilen Buharany birikdirýän kerwen ýolunda iň ulusy bolupdyr.
Türkmenistan bilen Özbegistany birikdirýän ilkinji demir ýoluň gurulmagy bilen 1888-nji ýylda Amyderýada agaç köpri peýda bolýar we ol 1901-nji ýyldademirden gurlan köpri bilen çalşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenabat — Farap, Kerki —Kerkiçi awtomobil we demirýol köprüleri guruldy. Bu desgalar ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady taýdan ösmegine we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Mahlasy, gadymykerwen ýoly täze röwüşde dikeldilýär.