Ady latyn diliniň «velox» — çalt, tizlikli we «pedes» — «aýak, ýöreýiş» diýen sözlerinden emele gelen welosiped häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösen döwründe ekologiki taýdan arassa, daşky gurşawa zyýansyz iň ýönekeý ulag serişdesi hasaplanylýar. Şonuň bilen birlikde bu hemmeler üçin elýeterli ulag serişdesi ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Eýsem, biz welosipediň taryhy barada nämeleri bilýäris?! Geliň, oňa gysgaça ser salalyň!
Taryhy maglumatlara görä, 1495-nji ýylda beýik italýan alymy, meşhur suratkeş Leonardo da Winçiniň we onuň şägirdi Jakoma Kaprottininiň iki tigirli welosipediň suratyny çekendigi aýdylyp geçilýär.
1817-nji ýylda nemes professory baron Karl fon Drez iki tigirli ulagy oýlap tapýar we 1918-nji ýylda açyş hökmünde resmi taýdan hasaba aldyrýar. Alym bu ulaga «Ylgamak üçin maşyn» diýip at berýär.
Welosipediň has kämil görnüşini ilkinji gezek fransiýaly alym Jozef Nisefor oýlap tapýar. Has takygy, ol 1839 — 1840-njy ýyllarda şotlandiýaly Makmillan Dreziň oýlap tapan welosipedini has kämilleşdirip, oňa pedal hem-de oturgyç oturdypdyr.
Welosiped sporty boýunça ilkinji ýaryş 1869-njy ýylda Fransiýada umumy uzynlygy 120 kilometre barabar bolan «Pariž — Ruan» aralygynda geçirilýär.
Welosipediniň agaçdan ýasalandygyna garamazdan, ýaryşyň ýeňijisiniň tizligi sagatda 11 kilometre deň bolupdyr.
Welosiped sporty 1896-njy ýylda geçirilen birinji Olimpia oýunlarynyň maksatnamasyna girizilip, ýaryşa gatnaşyjylar 87 kilometr aralykda bäsleşipdirler.
1900-nji ýylda welosipedçileriň Halkara birleşigi — UCI döredilýär.
1911 — 1913-nji ýyllarda ýer ýüzüne welosipedli gezelençler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi.
Dünýäde iň köp welosiped Hytaý Halk Respublikasynda bolup, bu ýurtda 450 milliondan gowrak adam yzygiderli welosiped münýär.
Dünýäde her ýyl 150 million töweregi welosiped satylýar.
Gollandiýada ilatyň 36 göterim töweregi işe welosipedli gatnaýar.
Muny bilmek gyzykly: welosipediň taryhyndan

12
Jun