BIZE YAZYARLAR

Muny bilmek gyzykly. Suw hakynda

Suw dünýäde ýylylygy saklap bilýän ilkinji maddadyr. Tomsuna Günüň şöhleleri arkaly ýylan deňiz suwy örän köp mukdarda energiýany özünde jemleýär. Gyşyna howa sowanda şol ýylylyk energiýasy suwuň düzüminden çykyp, daş-töwerege ýaýraýar we deňziň golaýyndaky ýerlere belli bir derejede ýylylyk berýär. Deňziň kenaryndaky ýaşaýyş ýerleriniň beýlekilere garanyňda, aram ýagdaýda bolmagynyň esasy sebäbi hem şudur.

Alymlaryň çaklamagyna görä, ynsanyň bütin ömrüniň dowamynda kabul edýän suwunyň mukdary takmynan 35 tonna barabardyr.

Adam bedeninde bar bolan suwuň umumy mukdarynyň 20%-ini ýitirmek howpludyr. Beýleki tarapdan suwuň gereginden artykmaç kabul edilmegi hem zyýanly. Sebäbi ol bedendäki duzlaryň we suwlaryň deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär.

Suw häzirki güne çenli erkin ýagdaýda üç halda gabat gelýän ýeke-täk maddadyr. Suw doňan wagty hemişe onuň üstki gatlagy doňýar. Şeýlelik-de, buzlar suwuň ýüzünde bolýar. Eger ýylyň dowamynda doňýan buzlar suwuň düýbüne çökse, deňizdir ummanlaryň ählisi diýen ýaly doňardy we biziň Ýerimiz buzly planeta öwrülerdi.

Taýýarlan Rejep Joraýew,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: