JEMGYÝET

Mukry şäherçesindäki suw arassalaýjy desga Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylaryny agyz suwy bilen üpjün edýär

Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesindäki suw arassalaýjy desga ýaşaýjylaryň 83 müňden gowragyny arassa agyz suwy bilen üpjün edýär, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Bu desga 2015-nji ýylda işe girizildi. Kuwwatlylygy gije-gündizde 50 müň kub metr suwy arassalamaga barabar bolan suw arassalaýjy desga Köýtendag etrabynyň we Magdanly şäheriniň ilatyny içimlik suw bilen üpjün edýär.

Bu ýerde hem häzirkizaman tehnologiýalary oturdyldy we suwy arassalamaga hem-de ulanyjylara ibermäge awtomatlaşdyrylan enjamlar arkaly gözegçilik edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: