BIZE YAZYARLAR

Mukamlara siňdirilen dürdäne setirler.

Şahyryň döredijiliginiň türkmen professional saz sungatyna eden täsiri bimöçberdir. Türkmen kompozitorçylyk ýolunyň kämilleşmeginde, elbetde türkmen nusgawy edebiýatynyň  düýbüni tutan Magtymguly Pyragynyň orny ilkinji hatarda durýar.

Söz ussadynyň pelsepewi şygyrlary türkmen professional saz sungatynyň dürli, ýagny opera, simfoniki, kamera-wokal žanrlarynda türkmeniň ruhy dünýäsiniň şamçyragy bolup, şirin mukamlarda ýaňlanýar. Pyragynyň  ajaýyp şygyrlary edebiýatda, sungatda düýpli özgeriş döretdi. Kompozitorlar aryf danamyzyň dürdäne şygryýetini ajaýyp saza goşup, halkyň durmuşyna ömürlik saldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen bagşyçylyk sungaty hem türkmen saz medeniýeti bilen berk bagly. Geçmişde bagşylaryň köpüsiniň sowatsyz bolandygyna seretmezden, olar örän zehinlilik, ýatkeşlik ukybyna eýe bolmak bilen, az wagtyň dowamynda öz halypalaryndan ençeme aýdymlary, birnäçe dessany ýatdan öwrenipdirler hem-de ýatda saklap, aýtmagy başarypdyrlar.

Halk döredijiliginiň janly, şireli dilini eserlerine esas edip alan Magtymgulynyň jöwher şygryýeti şahyryň özüne çenli bolan edebiýatyň jemi bolan bolsa, ikinjiden, özünden soňky şahyrlar üçin ajaýyp nusga boldy. Pyragynyň:

-Magtymguly, sözlerim

Saza goşsaň uz bolar…

-diýmek bilen ynsanyýet aslyna niýetlenen, şirin labza, ajaýyp gözellige ýugrulyp döredilen goşgularynyň bagşylaryň dillerine sena bolandygyny subut edýär. Bagşy repertuarynda aýdylýan aýdymlarda akyldar atamyzyň durmuşyň dürli meselelerini öňe sürýän, onda adamyň duýgularyny, ruhy ýagdaýyny, jemgyýetçilik we tebigy hadysalara bolan garaýyşlaryny beýan edýän aýdymlary kän. Bagşylar şahyryň belent adamkärçilik mertebeleri baradaky  pikirlerini köpçilige ýetirmegi başarýarlar. Şeýle aýdymlaryň öwredijilik, terbiýeçilik ähmiýeti, bagşynyň ýakymly owazy bilen dutardyr gyjagyň şirin owazyna goşylyp aýdylanda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bagşylaryň repertuarynda şahyryň öwüt-nesihat temasyndaky aýdymlary hem uly orny eýeleýär. Soňlugyça bagşylar öz repertary arkaly türkmen nusgawy edebiýatynyň  Mollanepes, Kemine, Seýdi, Zelili, Şabende, Mätäji ýaly wekilleriniň eserlerini hem bize ýetiripdirler. Tebigatdan gaýdýan guýmagursak zehini bilen halkyň gyzgyn söýgüsine eýe bolup, ady-owazasy alyslara ýaýran, il-günüň tükenmez alkyşyny gazanan ussatlarymyz aýdym-sazyň üsti bilen öz döwrüniň wakalaryny, türkmene kybapdaş häsiýetleri, watansöýüjilik duýgularyny, päk söýgini beýan edip, sungatyň sarpasyny belent tutupdyrlar.

Dana atamyzyň edebi mirasyna ähli türkmen sazandalarynyň nesli ýüz tutdy. Ol ussatlar tarapyndan birnäçe žanrly eserler: operalar, simfoniýalar, wokal ýygyndylary döredildi. Bu saz eserleri özleriniň giň göwrümliligi bilen tapawutlanyp, Magtymguly Pyragynyň ruhy dünýäsinden başlap, onuň pelsepewi pikirleriniň beýanyny öz içine alýar.

Şahyryň durmuş ýoly hem sazandalaryň üns merkezinden düşmedi. Ýu. Meýtusyň “Magtymguly” operasy bu babatda uly ähmiýete eýe boldy (A.Garlyýewyň we B.Kerbabaýewiň librettosy).

Ýu. Meýtus-türkmen professional sazynyň düýbüni tutujylaryň biri, milli folklor ussady, halk döredijiligi bilen nusgawy sazy bütewileşdirmekde uly sazlaşygy döreden şahsyýet hökmünde tanalýar. Ol Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmatyna uly baha berýär. Ýu. Meýtus öz operasynda şahyry öz halkynyň umyt-arzuwyny aňladyjy edip, Gündogaryň ganhor, zalym düzgüni bilen gurşalan türkmen  taýpalarynyň ýaşan,  göreşen, ýeňen we ýeňlen taryhy döwründe halkyň jümmüşinden dömüp çykan türkmen ogly hökmünde  suratlandyrýar. “Il-gün ýok ýerinde şahyr bolmaz, dogduk mekandan alyslarda gözel şygyr dünýä inmez, göreşsiz bagt bolmaz!”- kompozitoryň eseriniň gysga mazmunyny şu setirler bilen aňladyp bolar. Goňşy feodal hökümdarlaryň türkmenleriň üstüne dyngysyz çozuşlary şahyra ähli türkmen taýpalaryny daşary ýurt basybalyjylaryna garşy göreşe jebisleşdirmek we bitewi döwlet döretmek pikirini salgy berendigini operanyň yzygiderliginde al reňkler bilen täsirli hem tolgundyryjy beýan etmeklik kompozitora başardýar.

Dana şahyryň giň dünýägaraýşy Welimuhammet Muhatowyň “Magtymgulynyň ýadygärligine”  atly simfoniýasynyň özeni bolup durýar. Bu görnükli eserini kompozitor kämillik ýaşynda, ýagny durmuş tejribesiniň, guýma gursak zehininiň, ussatlygynyň çür başyna ýeten döwründe döretdi. Şol sebäpli W. Muhatowyň eseriniň gymmaty kämil hasap edilýär. Bu eser dana şahyryň aňyýetiniň şöhlelenmesini, baý, gaýtalanmajak ruhy dünýäsini öz içine alýar. Drama eseri alty bölekden durýar. Olaryň her biri akyldar şahyryň ykbalyny we pelsepesini aýry-aýrylykda sypatlandyrýar. Simfoniýanyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgularynyň milli koloritde, orkestr toparynyň ajaýyp owaz sazlaşygynda ýaňlanmagy bu sungat eseriniň kämil derejededigini subut edýär.    

Şahyryň döredijiliginiň watanperwerligi, liriki mazmunlylygy D. Öwezowyň,  A. Kulyýewyň,  D. Nuryýewyň,  A. Agajykowyň,  Ç. Nurymowyň, N. Halmämmedowyň,  R. Allaýarowyň, Suhan Tüýliýewiň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp romanslarynyň döremegine getirdi. Olar akyldaryň şahyrana dünýäsine aralaşyp, adatdan daşary, gaýtalanmajak dünýägaraýşyna göz ýetirip, öz eserlerinde  aryf danamyzyň pelsepewi pikirini ajaýyp mukama siňdirmegi başardylar.

Magtymguly atamyzyň goşgularyna döredilen saz eserleriniň arasynda esasy orny N.Halmämmedowyň toplum romansy eýeleýär. Toplumy liriki-pelsepewi äheňde ýazylan “Gözel Şirgazy” atly romansy açýar, ol mährem diýaryň gözelligini wasp edýär. “Meňli hanym uýat eýlär” atly romansy şahyryň magşugyna bolan päk söýgüsini görkezýär.

Kompozitoryň Magtymguly Pyragynyň ogluny hatyralap ýazan romansy gaýgy-hasratdan doly. Romansda dana şahyryň şol döwrüň ähli kynçylyklaryny gerdeninde çekip, ykbalyň  onuň özüne-de maşgalasyna-da ýowuz darandygy barada beýan edilýär. Gündelik eklenç aladasy, gowy durmuş ugrundaky göreşlerde ýakynlaryndan  jyda düşmegi, eziz perzentleriniň bimahal ölümi, deňsizlik zulumy şahyry halys çökerýär. Ylaýta-da fortepiano bilen bilelikde wiolonçel saz guralynyň tembri şahyryň hasratyny aýdyň ýüze çykaryp, eseriň dowamynda ýüregiňi elewredýär.

Pyragynyň “Pukaraýyma” –atly goşgusy N. Halmämmedowyň romansynda oýlanma äheňinde gidýär. Goşgy şahyryň ýurdundan aýry wagty ýazylýar. Şahyryň Ata Watanyna, ene topragyna bolan inçe duýgusyny kompozitor ussatlyk bilen saza siňdirmegi başarýar. Romansda heň aýlawlary, garmoniki yzygiderlilik, faktura bezegi ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Ç. Nurymowyň şahyryň döredijiligine garaýşyny onuň kamera-wokal döredijiliginde aýdyň görüp bolýar. Kompozitoryň üç romansy – beýik akyldaryň pelsepä ýugrulan ömür beýanynyň üç sahypasy göz öňüňde mese-mälim açylýar. Beýik akyldaryň goşgularyna salgylanyp, Ç. Nurymow gaýtalanmajak, örän inçe hem täsirli eseri döretmegi başarýar.

Magtymguly Pyragy – diňe bir ady arşa galan beýik filosof şahyr bolman, eýsem türkmen topragynyň tugy saýylýar. Beýik söz ussadynyň döredijiligi jemgyýetiň berk hem sagdyn bolmagy üçin şahsyýetiň wyždan taýdan päk, ahlak kadalaryna eýerýän, halkyň hem jemgyýetiň öňündäki borçlaryny berjaý edýän ynsanyň bolmagyny ündeýär. Şahyryň goşgularyna ýüzlenmedik bagşydyr sazandany, kompozitordyr aýdymçyny tapmak aňsat düşmese gerek. Ýu. Meýtus, W. Muhatow, D. Öwezow, A. Kulyýew, N. Halmämmedow, Ç. Nurymow, D. Nuryýew ýaly ussatlaryň döredijiliginde dana şahyryň edebi mirasy öz ornuny tapdy.

Magtymguly atamyzyň akyl-paýhasa ýugrulan dürler hazynasyny, dürdäne eserlerini okadygyňça okasyň gelýär. Şahyryň özünden soňky nesillere goýup giden bu edebi mirasy ençeme heňňamlary üstünden ötürip, bu günki gün ähli adamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen edebi hazynadyr. Hut şonuň üçin hem ol taryhyň ähli synaglaryna döz gelip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hiç bir baýlyga çalşyp bolmajak ol edebi miras many-mazmunynyň çuňlugy, dünýewiligi, milliligi, dünýä ylymlaryndan habarlylygy bilen saýlanyp, şöhratly geçmişimize, aýdyň geljegimize we şu günümize has anyk göz ýetirmäge çagyrýar.

Seýitkulyýewa Aziza Lebap welaýat ýörite sungat

mekdebiniň mugallymy