Mukama öwrülen söýgi (rowaýat)

Nov 22, 2020

Pasyllaryň soltany saýylýan bahar pasly misli täze düşen gelin deý, pessaýja «ädimläp», «näzli sülmüräp», älem-jahana «syrly» bakyp, özüniň gözel görki bilen tebigata jan salypdy. Bag-bakjalar, dagdyr-düzler ýaşyl dona bürenip, ajaýyp keşbe giripdi. Pyntyk uran Erik agajy, mähre suwsan mysaly, ýer ýüzüne şöhlesini çoýup duran parlak Güne tarap gollaryny uzadyp, sähel salymda gülgüne reňkli güllere beslenipdi. Şagalaňly toýa bezenip çykan dek, bir görseň-a, ak, bir görseňem, gülgüne lybasy egnine atan erik agajynyň bu gözel keşbi tutuş janly-jandaryň ünsüni özüne çekipdi.
Ýaşyl mahmala bürenen dagdyr-dereleri, beýhuş ediji dermanlyk otlary bilen başyňy sämedýän çöl-beýewanlary, lummurdap, towlanyp akyp duran deňiz-derýalary aşyp, ganat baglap uçup gelýän, ýaş ýüregi joş urýan Şemalyň gözi gözel Erik agajyna düşüpdir. Näzikden gelen parlak gülleri, terje öwüsýän ýaşyl ýapraklary, dumly-duşa beýhuş ediji jadyly ysy bilen Erik agajy Şemaly özüne bendi edipdir. Ol agajyň biri-birinden gözel gülgüne güljagazlaryna, şabram-şelpeli ýapraklaryna barmaklary bilen çalaja kakypdyr weli, ondan täsin owaz çykypdyr. Daş-töwerege ýaň salan bu jadyly owaz yşkyň emrine boýun bolan iki sany juwan ýürekden çykan söýgi mukamydy. Jadyly sazyň mylaýym owazyna meýmiräp, Şemal misli ýumşajyk ýapynja mysaly Erik agajyny emaý bilen bagryna basyp, süýji duýgular dünýäsine alyp gidýärdi. Şemal söwer ýarynyň ýüz-gözüni mylaýym sypalap, çowurap duran mähri bilen agajyň gözelligine gözellik berýärdi. Eziz ýarynyň gujagynda, pessaýja aýdyma hiňlenýän Erik agajy gün-günden gözelleşýärdi. Onuň Aly Hezretleri Söýginiň girdabyna gark bolan tebigatyň bu iki gözelligine seredip, bütin janly-jandar haýran galýardy. Aşyk-magşuklar biri-birine hiç haçan terk etmezlik barada söz berýärler.
Şeýdip, Şemal gözel ýarynyň ýanynda ýaşaberipdir. Erik agajynyň görküne guwanyp, ýapraklardan çykarýan owazyna maýyl bolup, bahar, ondan soň tomus paslynyň nädip geçenini hem duýman galypdyr. Dähedem-dessemläp altyn güýz hem aýak basypdyr. Ondan soň aňzak gyş öz ornuna geçipdir. Tylla reňke boýalan agaçlar kem-kem ýapraklaryny gaçyryp, şahalaryny ýalaňaçlapdyrlar. Gözel keşpli Erik agajynyň hem şahalarynda ýekeje ýaprak galmandyr. Söwer ýarynyň bu keşbi, ses-sedasyz oturşy Şemaly ala-sarmyga goýupdyr. Onuň içi gysyp başlapdyr. Özi ýaly ýoldaşlarynyň döwre gurap, al-asmanda şuwlap uçup, oýun edişine uzak günläp delmuryp bakyp durupdyr. Ah çekip, sessiz-üýnsiz duran magşugyna gysmyljyrapdyr. Ýöne ak gara bürenip, çuňňur yka giden Erik agajyndan jogap bolmandyr. Açyk meýdanda ýüregi telwas urýan Şemal biri-birini terk etmezlik baradaky wadany unudyp, ýaryny goýup, ganat baglap, al-asmana uçup gidipdir.
Aradan esli wagt geçipdir. Uçup-uçup, hezil edip Şemal ýarynyň ýanyna gelidir. Görse, Erik agajy aýralygyň zaryna döz gelmän gurap galypmyş… Ýüregi ýaraly Şemal uwlap, zaryn-zaryn şuwwuldap, uly gaý turzup, dag-derelere tarap uçup gidipdir.
Ine, gyş sowlup, ýaz gelipdir. Bir wagt töwerege bezeg berip duran Erik agajy bolsa gurap, ýerde ýazylyp durmyş. Günlerde bir günem şol obadan bir sazanda ýigit gelip, ol agajyň şahasyndan sünnäläp tüýdük ýasapdyr. Ol tüýdükden bolsa Erik agajynyň kalbyndan çykan ýüregiňi paralaýjy gamgyn owaz ýaň salyp, töweregi bendi edipdir. Her sapar magşugynyň zaryn owazyny eşiden aşyk Şemal bolsa dessine nirelerdenem bolsa peýda bolup, ol owazy älem-jahana ýaýradyp, ýany bilen alyp gidýärmiş.
Ine, şondan bäri aşyk-magşuklaryň armanly söýgi mukamy gözel Erik agajyndan ýasalan tüýdügiň owazy bilen tutuş janly-jandaryň ýüreklerini eýlendirip, şo-ol ýaňlanyp dur diýýär…

Maýagözel Babalyýewa,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: