Mukaddes kär
Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek, olaryň ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin biz mugallym bolsak hem bütin ömrümize ýenede, ýenede öwrenmäge borçlydyrys. Mugallymyň okuw maksatnamasy, sapagy meýilnamalaşdyryşy, okatmagyň strategiýasy, internetden we kompýuterden
peýdalynylyşy, diplomy ony mugallym etmeýär. Men şu ýerde şu makalamyň üsti bilen özüm ýaly ýaş mugallymlara ýüzlenesim gelýär:
-Bilýäniňi öwretmek öwrenmekden has kyndyr, munyň şeýledigine mugallymlar has gowy düşünýär. Işe gelen günümden maňa goldaw beren ýaşuly mugallymlar bar, olar maňa göniden-göni ýa-da gapdaldan kömek edip gelýärler.
Biz ýaş mugallymlar işe başlan mekdebimiziň abraýyny dörediji däldiris, abraýyny goraýjydyrys. Biziň işe täze başlap bäsleşiklerde ýer almagymyz ýaşuly mugallymlaryň işiniň netijesidir. Türkmenlerde şeýle nakyl bar ”Ulysyny sylan beg bolar” diýlen. Ýaşuly mugallymlaryň ýanynda köprak bolmak , olaryň toplan baý tejribelerini öwrenmek uly bagt dälmi eýsem? Sizden bir ýyl öň işe başlan mugallym hem bolsa sizden tejribelidigini ýatdan çykarmaň. Işe başlan mekdebiňiziň taryhy, üstünlikleri, işlän mugallymlary bilen gyzyklanyň. Ol sizde mekdebiňize bolan söýginiň güýçlenmegine kömek eder. Elmydama öz üstüňizde işläň. Çünki dünýäde ylym ýyldyrym tizligi bilen ösýär. Mugallym alymdyr,
mugallym ýaşaýan ylymdyr. Okuwçylara ata-enesinden hem ýakyn boluň.
Okuwçylar ata-enesiniň “Nesil dowamy” mugallymlaryň bolsa “Watan geljegidir”. Mugallym okuwçylaryň ähli soraglaryna jogap berip bilmelidir, gümürtik, başdansowma jogaplar okuwçylarda mugallyma bolan ynamsyzlygy döreder. Okuwçynyň kitap okamagyny isleýän bolsak okuw sapaklaryna hökman özümiz kitaply barmalydyrys. Okuwçylaryň okaýan kitaplaryny soraň, olaryň mazmuny bilen gyzyklanyň, kitap okaýan okuwçylary bahalandyryň, höweslendiriň. Meniň pikirimçe mugallym hem pedagog, hem psiholog, hem terbiýeçidir. Mugallymyň çekýän azabynyň miwesi has giç ýetişýär. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar, bisabyr gul tiz ýolugar belaga” diýlen nakyl hut mugallymçylyk käri üçin aýdylandyr. Mugallym sabyr edip çekýän azabynyň miwesini birnäçe ýyllardan soň görýär. Mugallym okuwa ýaňy gelen çagany görende onuň tutuş gelejegini göz öňüne getirmegi başarar ýaly derejede ussat bolmalydyr. Men “Mugallym bolmak üçin doguldym “, “Ýüz gezek ýene-de dogulsam ýene-de mugallymçylyk kärimi saýlaryn” diýip ýürekden aýdyp bilerin.
Arzy SEÝITMYRADOWA,
Darganata etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.