Bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Bu gün hem baýramlaryň naýbaşysy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy ýetip geldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin ”-diýip,
belleýşi ýaly, döwlet berkararlygy ata-babalarymyzyň kalbyna uly arzuw, umyt bolup ornady. Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen halky ençeme asyrlaryň dowamynda ata Watanymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, erkinligini arzuwlap geldi. Mukaddes Garaşsyzlyk baradaky belent-belent maksatlar, eýýamlardan eýýamlara ýetip, türkmen halkynyň dilleriniň senasyna öwrüldi. Şanly Garaşsyzlyk pederlerimiziň özbaşdak döwlet bolmak arzuw-hyýallarynyň hasyl bolmagyna, şeýle-de milli ýörelgelerimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň däp-dessurlarymyzyň dikeldilmegine mümkinçilik berdi.
Mukaddes Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly hazynamyzdyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Asmanymyzyň päkligi, gije-gündizleriň parahatlygy şanly Garaşsyzlygymyzyň bize beren sowgadydyr. Berkarar Watanymyz Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor hem-de tans toparlarynyň konsertleri, medeni çäreleri ulydan dabaralandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň syýasy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda çuňňur oýlanşykly we parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyzlygyň gadyr gymmatyny belende göterdi. Agzybir halkymyzy baky bagta ýetirdi. Bu Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahat we asuda durmuşy peşgeş beren, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçly menzillerde diňe öňe rowan bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.
Leýla HAIDOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy

