Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyzyň gümrük edaralarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär hem-de halkara standartlara laýyk derejede kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwlet serhetlerimiziň gümrük geçiş ýerlerinde döwrebap innowasion tehnologiýalar, sanly ulgamlar we ýokary tizlikli barlag enjamlary giňden ulanylýar. Bu bolsa welaýatymyzda gümrük amallarynyň tiz we hil taýdan ýokary derejede amala aşyrylmagyna, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine hem-de üstaşyr ulag geçelgeleriniň kuwwatynyň artmagyna giň mümkinçilikleri açýar.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hökmünde biz döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, bikanun harytlaryň dolanyşygyna garşy durmakda uly jogapkärçiligi öz boýnumyza alýarys. Biziň her bir iş günümiz Watana, halka we harby kasama bolan beýik wepadarlygyň nusgasy bolup durýar. Harby gullukçylaryň netijeli zähmet çekmekleri we döwrebap ýaşaýyş şertlerinde ýaşamaklary üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris. Biz geljekde-de mukaddes gulluk borjumyzy ak ýürekden ýerine ýetirip, ýurdumyzyň parahatçylygyna we ösüşlerine mynasyp goşant goşarys.
Ahally ÝAGMYROW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

