BIZE YAZYARLAR

Mugallymyň ruhy medeniýeti

Öz döwründe Sokrat mugallymlary «pikirleriň akuşeri» diýip atlandyrdy. Onuň pedagogiki ussatlyk barada aýdanlary «maýewtika» diýlip atlandyrylyp, terjime edilende, «sungaty dogruş» diýen manyny aňladýar. Öz işini bilýän pedagog taýýar maglumatlary bermän, okuwçynyň kellesinde täze pikirleriň döremegini emele getirmeli. Diýmek, pedagogik işiň merkezi geçirilýän ähli okuw-terbiýeçilik işlerini dolandyryp, adamyň kemala gelmegini gazanmak.
Mugallymyň ruhy medeniýeti bu günki gün iňňän ýiti meseledir. Munuň degişli sebäpleri bardyr: durmuş-ykdysady ýagdaýyň geçiş döwürde bolmagy, şahsyýeti bazar ykdysadyýeti döwründe terbiýelemegiň täze ýollaryny agtarmak zerurlygy, ýaşlaryň ruhy gymmatlyklary özleşdiriş derejesiniň olaryň maddy gymmatlyklary özleşdirişiniň depgininden haýalrak bolmaklygy we beýlekiler. Köp raýatlarymyzyň totalitar düzgüni eýýamynda milli özenli ahlaklylykdan daşlaşmagy, özüňi süýt, dostuňy – gaýmak saýmak ýörelgesinden sowulmagy meseläni has-da çylşyrymlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň bilimi, ylmy
döwrebaplaşdyrmak syýasatynynyň esasy terbiýe gönükdirilmeleriniň biri-de milli aňy, ruhy medeniýeti ahlak göýdüklikden halas etmekdir. Häzirki zaman mugallymy özüniň hünärmenlik işinde kemala gelen başarnyklary bilen okuwçylaryň düýpli özgeren edim-gylymlarynyň arasyndaky çaprazlygy syzýar.
Okadylyş, terbiýe diňe subýekt-obýekt mazmunda däl-de, taraplaryň şahsy aragatnaşyk derejede ruhy gymmat- lyklary alyşmagy häsiýetde guralmalydygy äşgär boldy.
Hut okaýanyň irgözinden bilim başarnyklary ylmyň soňky gazananlarynyň derejesinde işjeň özleşdirip bilmekligi üçin Hormatly Prezidentimiz okadylyşyň nazaryýet tarapyny güýçlendirmekligiň günübirin derwaýyslykdygyny nygtaýar.
Okaýanlaryň ruhy ösüşine täsir edip bilmese, mugallymyň özi ruhy medeni göýdükligiň girdabyna ätleýär. Ýagdaýdan çykalga degişli okuw-tehnologik döwrebaplygy gazanmak bilen bir hatarda peder ruhy-ahlak ýörelgelerine dolanmakdadyr. Mekdebiň okuw-terbiýeçilik işini guraýan we amala aşyrýan şahsyýet mugallymdyr. Mugallym ( halypa, ussat) ýörite taýýarlygy bolan, pedagogiki iş bilen meşgullanýan adam. Mugallymyň stolunyň aňyrsyna geçen adam, hemme zada jogap berýär, şonuň üçin ol hemme zady bilmelidir we başarmalydyr. Biziň durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň ertir nähili boljakdygy şu günki mugallymlaryň işiniň netijesine bagly. Her bir adamyň durmuşy bilen, tutuş halkyň ykbaly bilen bagly başga bir hünäri göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Adamlaryň ýerine ýetirýän işleriniň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr.
Mugallymyň funksiýasy – özüniň hünär bilimlerini we başarnyklaryny ulanmakdyr. Olaryň esasylary okuwçylary okatmak, bilim bermek terbiýelemek, ösdürmek we kemala getirmekdir. Mugallymyň esasy funksiýasy (ýerine ýetirmeli işi, mundan beýlä «funksiýa») okatmak, terbiýelemek, ösdürmek, kemala getirmek işlerini dolandyrmakdyr. Mugallym – okuwy ugrukdyrýar, terbiýelemek işlerine ýolbaşçylyk edýär. Mugallym öz wezipelerine näçe gowy düşündigiçe şonça-da öz okuwçylaryna erkinlik berýär, olaryň özbaşdaklygyny, inisiatiwasiny ösdürýär. Öz işine ussat mugallym okuwçylaryň erkin ýerine ýetirýän işleriniň daşynda bolup, görünmän diýen ýaly olaryň işine ýolbaşçylyk edýär.

Nurana YSLAMOWA,
Darganata etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşen 13-nji orta mekdebiň Taryh mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: