BIZE YAZYARLAR

Mugallymyň borjy – geljegi gurmak

Bilim ulgamynda mugallymyň orny aýratyn uly bolup, onuň alyp barýan işi ýaş nesliň geljegini kesgitleýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde mugallymlardan ýokary taýýarlyk, täze usullary özleşdirmek we döredijilikli çemeleşme talap edilýär.
Sapaklaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda okuw işinde täzeçil usullar giňden ulanylýar. Mugallymlar okuwçylaryň işjeňligini artdyrmak üçin dürli interaktiw usullary, elektron serişdeleri we täze tehnologiýalary peýdalanýarlar.
Okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, olaryň terbiýesine hem aýratyn üns berilýär. Watansöýüjilik, ahlak taýdan kämillik, jemgyýetçilik işjeňligi ýaly häsiýetleriň ösdürilmegi bilim işiniň möhüm bölegi bolup durýar.
Şeýle hem häzirki wagtda okuwçylaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmagy olaryň bilim derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmaga giň mümkinçilik döredýär.
Mugallymyň yhlasly zähmeti netijesinde ýaş nesil döwrebap bilim alýar we jemgyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmaga taýýarlanýar.

Begmyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ylym we bilim bölüminiň Hojambaz etrabynyň ilkinji guramasynyň başlygy.