MEDENIÝET

Mugallymlaryň we talyplaryň şygyrlar ýygyndysy çapdan çykdy

Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň şanyna bagyşlanan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň, kalby ylhamly bagtyýar talyp ýaşlarynyň şygyrlary ýerleşdirilen goşgular ýygyndysy  çapdan çykdy.

Täze neşir edilen goşgular ýygyndysynda akyldar şahyryň berkarar döwlet hakdaky arzuwlaryny amala aşyryp, türkmen halkyny bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitirýän beýik işlerine bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapýar.

Täze kitabyň sahypalarynda professor-mugallymlaryň, dörediji talyp ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň manyly ömür ýoluna, kämil döredijilik dünýäsine bagyşlanan goşgulary ýerleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: