Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary başlandy.
Türkmenabatly bilim işgärleriniň gatnaşmaklaryndaky okuwlar şäherimizdäki 26-njy, 13-nji, 30-njy orta mekdepleriň binýadynda geçirilýär. Okuwlarda degişli ugurlar boýunça hünärmenler, öňdebaryjy mugallymlar öňde durýan wezipeler dogrusynda nutuklar bilen çykyş edýärler. Şonuň ýaly-da usuly-amaly okuwa gatnaşyjylar çäreleriň geçirilýän mekdeplerindäki synp we ders otaglarynda, kitaphanalarda, sport meýdançalarynda işleriň guralyşy bilen tanyşýarlar. Okuwlar indiki hepdäniň başyna çenli dowam eder.
Däbe öwrülen usuly-amaly okuwlar welaýatymyzyň beýleki etrapdyr şäherlerindäki orta mekdeplerde hem öňdebaryjy bilim işgärleriniň işjeň gatnaşmaklarynda guralýar.

