Bilim işgärleriniň we mugallymlarynyň arabaglanyşygy mekdep okuwçylarynyň arasyndaky gatnaşyklary öz içine alýar. Bu iki arabaglanyşyk iki tarapa hem netijeli bolup, çagalaryň edepli, terbiýeli we bilimli, hünärli bolup ýetişmeklerine uly täsir edýär. Mugallymlar mekdebiň talabyny özleşdirýärler hem-de öz işinde olardan ugur alýarlar. Mugallymlar we ata-eneleriň arasyndaky gatnaşyk okuw ýylynyň dowamynda alnyp barylýar. Ata-eneleri mekdep, mekdep durmuşy bilen tanyşdyrmaklyk, olaryň perzentleriniň mekdebe bolan söýgüsini artdyrmaklyk hem-de göreldeli okuwçylara meňzemeklerini tabşyrmaklyk hem okuwçylaryň mekdep barada düşünjelerini has-da giňeltmeklige ýardam edip, tertipli çagalary ýetişdirmeklige gös-göni tasir edýär
Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek mugallymlaryň hem-de ata-eneleriň iş we durmuş wezipeleridir. Bu wezipe mekdebiň maşgala bilen hem has ysnyşykly işlemegi arkaly amala aşyrylýar. Bularyň biri-birine ýakyndan kömek etmegi okuw-terbiýeçilik işleriniň dogry guralmagyna ýardam edýär. Öz gezeginde mekdebiň mugallymlary hem öz çagalaryny dogry terbiýelemekde ata-enä gymmatly maslahatlar berýärler.
Mekdebiň maşgala bilen bilelikdäki işleri ata-eneler guramasynyň işi bilen esaslandyrylýar. Ata-eneler guramasy degişli düzgünlere laýyklykda döredilýär we mekdepde her synpda umumy aýratynlykda döredilýär. Ata-eneler guramasynyň işi bilen birlikde, synp otaglarynda ata-eneler burçy hem hereket edýär. Onuň hem degişli üç bölüminde ata-eneleriň dykgatyna ýetirilmegi wajyp hasaplanylýan maglumatlar ýerleşdirilýär. Ata-eneler guramasynyň işi tassyklanylan meýilnama esasynda alnyp barylýar, geçirilýän çäreler, ýygnaklar, beýanlar, ýazgylar arkaly resmileşdirilýär we ýörite bukjada saklanýar, şeýle hem her synp otaglarynda, ýagny synp ýolbaşçylaryň ata-eneler bilen bilelikde geçirilýän işleriniň depderi ýöredilýär. Bularyň özi mekdepde maşgala bilen bilelikdäki gatnaşyklary guramagyň usulyýetiniň kadalaryny dogry we netijeli alnyp barylýandygyny görkezýär we bu işiň ýokary ähmiýetlidiginden habar berýär.
Bagtyýar döwrümizde mugallym bilen ata-eneleriň bilelikde işlemeginiň birnäçe görnüşli täze usullary ýüze çykdy. Ýagny, gürrüň geçirmek, islegnama, sorag-jogaplar, gürrüňdeşlikler, söhbetdeşlikler, we duşuşyklar arkaly ata-eneler bilen aragatnaşyk etmegiň täze usullary maslahat berilýär. Matematiki düşünjeleri okuwçylaryň aňly-düşünjeli özleşdirmeklerini gazanmak her bir mugallymyň borjudyr. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, olaryň watansöýüji, ylymly, bilimli, adamlar bolup ýetişmeginde täze işjeň usullaryň uly ähmiýeti bar. Täze usullar bolsa geljekde-de gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekmäge borçlandyrýar. Biz ― mugallymlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesliň hala, zähmetsöýer, çuňňur bilimli bolmagy üçin irginsiz zähmet çekeris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumy bilim berýän orta mekdepleriň işiniň ählitaraplaýyn sazlaşykly guralmagy, ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz tükeniksizdir.
Aýna TAGANOWA,
Saýat etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň matematika we informatika mugallymy.

