JEMGYÝET

Mugallymlar Idris baba gezelenç etdiler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilim we kitaphana işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde «Idris baba medresesi» taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.

Gezelenjiň dowamynda akyldaryň tutuş adamzada miras galdyran gymmatly edebi mirasynyň terbiýeçilik, watançylyk, ahlaklylyk ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbetler edildi.

Şeýle hem çeper döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlar akyldar şahyryň gadam basan ýerlerinde öz döreden şygyrlary bilen çykyş etdiler. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden okalan dürdäne setirler bu günki çäräniň ähmiýetini has hem artdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: