BILIM

Mugallymlar hünär derejesini kämilleşdirdiler

Mugallymlaryň bir topary Lebap welaýatynyň baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak merkezinde okuwda boldular.

Oňa welaýatyň dürli etraplaryndaky we Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýaty, matematika, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary derslerinde sapak berýän mugallymlar gatnaşdylar. Olar sapaklarda okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak, okuwçylaryň özbaşdak pikirleniş ukyplaryny ösdürmek arkaly okuwyň netijeliligini we bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça öňde baryjy mugallymlaryň tejribesi bilen tanyşdylar. Bilim berlişiniň gidişinde multimediýa serişdelerinden, interaktiw tagtalardan peýdalanmak barada pikir alyşdylar we bilimlerini artdyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: