BIZE YAZYARLAR

Mugallymçylyk ussatlygyna eýerip

Mugallym, mugallym eý beýik ussat
Senden ylham alýar bütin adamzat
Bu mukaddes mugallymçylyk käri dünýäde iň bir hormat goýulýan kärleriň biridir diýsek ýalňyşmarys. Her bir mugallymyň sapakda çekýän pedagogiki zähmeti islendik fiziki zähmetden, akyl zähmetden agyr bolmasa ýeňil däldir. Mugallym hemişe döwrüň täzelikleri bilen aýakdaş gitmegi başarmalydyr, ýagny, öz öwretýän täze temasy bilen bilelikde ýurdumyzdaky syýasy-ykdysady tazelikleri hem okuwçylaryň aňyna ýetirmegi başarmalydyr.
Her bir mugallym, pedagog ussat mugallym bolmagy isleýän bolsa geçiren her bir sapagynyň netijeli bolmagyny gazanmalydyr. Hemişe öz üstünde işläp täze-täze sapak geçmegiň tilsimlerini ýüze çykarmalydyr. Mugallym sapagyň dowamynda her bir okuwçynyň üstünlik gazanmaga bolan ymtylyşyny oýaryp bilmelidir.
Ýurdumyzda ähli çagalar üçin deň derejede berilýän umumybilim olaryň bilim derejesiniň deň boljagyna güwä geçmeýär. Okuwçylaryň ukyby, zehini, gyzyklanmasy dürli-dürli bolup mugallym olaryň arasynda hiç-hili aratapawut goýmazdan okamagyň hökmanylygyny düşündirip bilmegi başarmalydyr. Güneşli diýarymyzyň ähli künjeginde ylyma-bilime uly üns berilýär. Ýokary okuw
jaýlarynda okamak isleýän ýaşlaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin esasy güýç bolup durýar.
Dünýä belli elektron žurnallarynyň birinde, birnäçe müň adamyň sorag-jogaba gatnaşmagy netijesinde ösen döwletleriň esasy aýratynlygy ýurduň ilatynyň bilim derjesine baglylygy barada netijä gelindi. Ýagny bu anketa dolduryjylar döwletiň ösenligini onuň raýatlarynyň bilim derejeleri bilen kesgitlediler. Okatmak bilen terbiýe bermegi bir alyp gitsek okuwçylaryň bilim derejesiniň artyşyny gazanyp bileris. Okatmak işinde okuwçy nazary we amaly bilimleri ele alýar, terbiýäniň üsti bilen bolsa tebigata, jemgyýete has ýakyn bolup akyl ýetiriş derejesi artýar.

Annagözel JUMAGELDIÝEWA,
Halaç etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň Iňlis dili mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: