BIZE YAZYARLAR

Mugallymçylyk käri

Berkarar döwletimizde, bilim berilişiň üýtgedip guralyşynda okuw işlerini kämilleşdirmek ilki bilen mugallymlara baglydyr. Ýurdumyzda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgerişlerde mugallymyň bilim beriş wezipeleri düýpgöter özgerýär. Muňa degişlilikde onuň hünärmen häsiýetlerine bildirilýän talaplar hem üýtgeýär. Hut şonuň üçin häzirki zaman pedagogik düşünjelerinde esasy mesele mugallymyň ahlak-psihologik keşbiniň töwereginde jemlenýär. Bu meselä amalyýetçileriň ýa-da ylmy-derňew işgärleriniň garaýşy belli bir derejede gapma-garşylykly häsiýetdedir. Olaryň bir bölegi mugallymçylyk käriniň üstünlikli guralyşy mugallymyň şahsy sypatlary bilen bagly diýip düşündirse beýlekiler ylmy-tehniki rewolýusiýanyň gazananlaryna salgylanyp, gapma-gasylykly garaýşy orta atýar. Olaryň pikiriçe mugallym bary-ýogy ol ýa-da beýleki ideýanyň geçirijisi
bolup, onuň işinde aýgytlaýjy orun okadylyş usullaryna we olaryň takyk ulanylyşyna degişlidir. Bu düşünjä eýerýänler mugallymyň şahsy sypatlary okadylyşyň çäginden daşda galýanlygy üçin (aýratyn hem kompýuter ýa-da beýleki elektron baglanyşyk serişdeleri ulanylanda) olaryň bilim öwredilişe onçakly ähmiýeti ýokdur diýen pikirden ugur alýarlar.
Elbetde, bu gapma-garşylykly garaýyşlar ylmy hakykatdan daşdyr. Bir tarapdan
mugallymyň belli bir şahsy häsiýetleriniň döredilen usullaryň takyk saýlanylyp alynmagyna we üstünlikli ulanylmagyna gözbaşy ähmiýeti bolýan bolsa, ikinji tarapdan usullaryň özleşdirilmegi bilen mugallymyň degişli şahsy we hünärmen sypatlary-da üýtgeýär. Ussat mugallymlaryň iş tejribesi munuň aýdyň subutnamasydyr.
XX asyryň 70-nji we soňraky ýyllarynda rowaçlanan W.F.Şatalowyň we onuň pikirdeşleriniň daýanç ýazgylary ulanmak arkaly okadylyşa ornaşdyran ynsanperwerlik pedagogikasy mugallymyň okuwçylar bilen döredijilikli arakalaşygynyň olaryň psihologik aýratynlyklaryny nazara almaklyga esaslanan usulyýetidir. Häzirki döwürde mekdepler adamlaryň özbaşdak durmuş ýoluna düşmekligini ýeňilleşdirýär.Emma aýry-aýry adamlara kömek etmek bilen bir hatarda mekdep tutuş halka-da öz iş-durmuşyny nähili göwnejaý gurmalydygyny öwredýär. Halk esasy düzümi hojalyk we ruhy düzüjilerden durýan öz milli baýlygyny dikeldýär. Bularyň her biriniň gözbaşynda mugallym özüniň
jemgyýetiň degişli ýagdaýyna laýyk gymmatlyklary, meseleleri we ruhy medeniýeti bilen durýar.

Şöhrat ŞERIPOW,
Çärjew etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy