Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” atly IV ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ÝUNESKO kafedralarynyň müdirleri we ÝUNESKO klublarynyň başlyklary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisde we dört bölümçede dowam etdirdi. Onuň dowamynda bilimi ekologiýalaşdyrmak, ekologik bilimi we ekologik medeniýeti kämilleşdirmek, ýaşlaryň durnukly ösüşiň gazanylmagyna goşýan goşandyny ýokarlandyrmak bilen bagly ylmy çykyşlar diňlenildi.
Mugallymçylyk institutynyň ÝUNESKO kafedrasy ylmy maslahat geçirdi
03
Jun

