BILIM

Mugallymçylyk institutynyň täze binasynda Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň laboratoriýa tejribesi özleşdiriler

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň döwrebap laboratoriýa tejribesi özleşdiriler. Şu maksat bilen institutyň wekilleri 2026-njy ýylyň 23-nji apreli — 2-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdylar.
Saparyň esasy maksady täze binalar toplumynda ornaşdyryljak kämil enjamlary gönüden-göni öndürijileriň özünde öwrenmekden, döwrebap tejribehana ulgamlary bilen tanyşmakdan we halkara tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Iş saparynyň dowamynda wekiller birnäçe kompaniýalarda, şeýle hem Şandun we Pekin pedagogika uniwersitetlerinde bolup, ol ýerlerde bilim tehnologiýalarynyň we laboratoriýa enjamlarynyň okuw işindäki ulanylyşy bilen tanyşdylar.
Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilen tejribeler institutyň ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmaga we täze binalar toplumynda dünýä ülňülerine laýyk bilim gurşawyny döretmäge ýardam eder. Bu bolsa geljekde talyplaryň nazary bilimlerini döwrebap tejribehana şertlerinde berkitmegine giň mümkinçilik döreder.