Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň V ýyl talyby Begenç Salamatow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän «Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES-2026)» gatnaşýar. Sammit 2026-njy ýylyň 21 — 26-njy apreli aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy — UNICEF tarapyndan guralýar.
Halkara çärä ylmy we jemgyýetçilik guramalarynyň 1500-e golaý wekili gatnaşýar. Sammitiň meýilnamasynyň çäklerinde 24-nji aprelde «Geljekki ekoulgam: çagalar we ýaşlar durnukly ösüşiň arhitektorlary hökmünde» atly ýörite ýaşlar amaly-usuly maslahaty hem geçirilýär.
Sebitleýin sammit Merkezi Aziýadan 100-den gowrak ýaş ekologlary bir ýere jemleýär. Onda ýaşlar suw serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa, «ýaşyl» tehnologiýalar, biodürlüligi gorap saklamak we durnukly ykdysadyýete geçmek boýunça öz tekliplerini hödürleýärler.
Mugallymçylyk institutynyň talyby halkara sammite gatnaşýar
24
Apr

