Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Şahruh Şeraliýew Täjigistan Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp boldy. 2026-njy ýylyň 9 — 10-njy maýy aralygynda Hujand şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça «Merkezi Aziýanyň kubogy» ugrunda ýaryş geçirildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň türgenlerini bir ýere jemlän bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň uşu boýunça milli ýygyndy topary hem işjeň gatnaşdy. Milli ýygyndynyň düzüminde çykyş eden Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Bedenterbiýe» hünäriniň ikinji ýyl talyby Şahruh Şeraliýew ýokary taýýarlygyny görkezip, ikinji orna mynasyp boldy.
Institutyň talybynyň halkara ýaryşda gazanan bu üstünligi ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi we halkara derejede çykyş etmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Şeýle üstünlikler talyp ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine hem uly itergi berýär.
Şahruh Şeraliýewiň gazanan baýrakly orny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda uly buýsanç döretdi. Bu netije institutyň talyplarynyň diňe bir bilimde däl, eýsem sportda hem ýokary netijeleri gazanýandygyny görkezýär.
Mugallymçylyk institutynyň talyby halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy
18
May

