Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iki mugallymy “Garaşsyzlyk bilen galkynan gözel Diýar” atly döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen “Bereketli toprak” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 1 — 2-nji maýynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda geçirildi.
Bäsleşigiň netijesinde institutyň Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Diýar Yhtyýarow ikinji orna, Arzuw Rizakulyýew üçünji orna mynasyp boldy. Bu üstünlik institutda ýaş mugallymlaryň ylmy-bilim we döredijilik işlerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.
Mugallymçylyk institutynyň iki mugallymy döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
09
May

