Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda takyk we tebigy ugurlar boýunça geçirilen bäsleşige ýakyn ýyllarda orta mekdeplerden uçurym bolan ýaşlar hem gatnaşyp, zehini synaga salyp gördüler. Olaryň arasynda has ýokary netije gazananlary hem bar.
Anyk mysallara salgylansak, Tejen etrabynyň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň uçurymy Merjen Şamuhammedowa matematika boýunça bäsleşige gatnaşyp, netijesi boýunça ilkinji 30-luga girmegi başardy. Fizika dersi boýunça bäsleşen Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň uçurymy Maral Abdyýewanyň görkezijisi bolsa umumy sanawda 13-nji orna mynasyp boldy. Maral bu netijäni 124 okuwçynyň arasynda görkezdi. Bäsleşikde gowy netije görkezen uçurymlaryň başga-da birnäçesi bar.
Ýeri gelende aýtsak, bäsleşikde gatnaşyjylaryň belli bir göterimine öňdäki orunlar berilýär. Şundan ugur alsak, uçurymlaryň bu bäsleşikde öňdäki orunlara düşmek ähtimallygy uly.
Mugallymçylyk institutynyň geçiren bäsleşigine uçurymlar hem gatnaşdylar
28
Apr

