BILIM

Mugallymçylyk instituty zehinli ýaşlary internet olimpiadasyna çagyrýar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we ekologiýa dersleri boýunça nobatdaky internet olimpiadalaryny yglan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyklykda guralýan bu bäsleşik, ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmagy, olaryň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinýär. Ýeri gelende bellesek, olimpiadanyň düzgünnamasyna görä, diňe bir mekdep okuwçylary däl, eýsem, dersler boýunça öňki ýyllarda etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan hem-de häzirki wagtda talyp bolmadyk 2023-2025-nji ýyllaryň uçurymlary hem 12-nji synpyň okuwçylary bilen deň derejede bäsleşige gatnaşyp bilerler.
Iki tapgyrda geçiriljek akyl ýaryşynyň saýlama tapgyrlary welaýat Baş bilim müdirlikleriniň garamagynda gurnalar. Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzyň her etrabyndan her synp we ders boýunça iň ýokary netije görkezen 3 okuwçy final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýaş zehinleriň bilim ukyplaryny jemleýji synagdan geçirjek olimpiadanyň esasy tapgyry 2026-njy ýylyň 14-15-nji aprelinde geçiriler. Bu internet olimpiadasy ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge we geljekki hünärlerine bolan ynamyny berkitmäge uly ýardam berer.