Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty biologiýa dersi boýunça geçiren bäsleşiginiň hem ýeňijilerini yglan etdi. Institutyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Farap etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy bu ders boýunça bäsleşikde birinji orny eýeledi. Ol bu orny Mary we Ahal welaýatlaryndan gatnaşan bäsdeşleri bilen paýlaşdy.
11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşikde bolsa birinji orny Balkan we Mary welaýatlaryndan gatnaşan zehinli ýaşlar eýelediler. Ýöne ikinji we üçünji orunlary eýelänleriň arasynda lebaply okuwçylaryň köp sanlysy bar.
Mugallymçylyk instituty biologiýa boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi
29
Apr

