BIZE YAZYARLAR

Mugallym – sogaply käriň eýesi

Mugallym ömrüni çagalara bolan tükeniksiz söýgä agyşlap ýaşaýar. Çünki çaga söýgüden ýaradylýar. Ol dünýä söýgi bolup inýär, ony ene-atasy, tutuş maşgalasy, goňşy-golamy toý tutup garşy alýar.
Ýaş ene çagasynyň üstünde kökenek bolup, şatlygyny, söýgüsini hüwdä geçirip, gijäniň şirin ukusyny unudyp, aýdym aýdyp, çagasyny söýýändir.Ýaş ata çagasy doglaly bäri ýaşaýşam, dünýänem, maşgalasynam ýüz esse artyk söýgi bilen söýüp başlandyr. Ýaş çaga dünýä inen maşgala durşy bilen söýgä öwrüler!
«Çagaly öý – bazar, çagasyz öý – mazar» diýip ýönelige aýdylýan däldir. Maşgalada çaga däl-de, ullakan bir gudrat dünýä gelen ýaly, çaga däl-de, patyşa dünýä gelen ýaly uly-kiçi hemme onuň gullugyndadyr. Kiçijek bäbegi gujagyna alyp «güldi-güldi!» diýşip, epeý-epeý adamlar çagany ýekeje gezek güldürjek bolup, ýüz gülşüp oturandyr. Çagajyk ulalýança gujakdan düşmez. Ene ony
jigeriniň parçasy ýaly edip bagryna bassa, ata ony röwşen geljegini gujagyna alan ýaly alyp ezizleýändir. Şeýdip, çaga mekdep ýaşyna barýar. Çaganyň kemala gelmegi üçin bagyş edilen söýgini, siňdirilen mähir-muhabbeti, edilen aladany tonnalap ölçemek mümkin däldir. Çaga ömürboýy söýgi bilen ezizlenip ýaşaýar.
Soňra mekdepde mugallymlar çagany ene-ata söýgüsi bilen terbiýeläp başlaýarlar,
olara bilimler dünýäsiniň gapylaryny açyp berýärler.
Mugallym edil Gün ýalydyr. Ol çaga mydama mähriban ene ýaly röwşen nuruny saçyp dur! Ol uzak gün çaga mähir-muhabbet bilen garap onuň güýjüňe güýç, berýär. Hantamaçylyksyz söýgi mugallymlara berlendir.
Gün ýaşdygam, asmanda san-sajaksyz ýyldyzlar göz gypyşyp seniň göwnüňi göterip, seni hyýallar, arzuwlar dünýäsine gark edýär! Mugallymyň sapagy gutarandan soň, onuň beren bilimi ýyldyzlar ýaly çaganyň kalyna şugla saçýar.
Kowçum-kowçum bulutlar ak çabga getirip, şatlyk-şowhun bilen ýagýandyr. Mugallymyň çagalara söýgüsi ak ýagyş bolup olaryň kalplaryna dolýar.
Günüň tyllaýy şuglasy, lowlap duran howry janly-jandara haýyr-bereket getirişi ýaly, mugallymyň berýän bilimi çagalaryň dünýäsini gowulyklara tarap özgerdýändir.
Topragyň gyş paslynda garlar bilen ýuwnup, eşigini çalşyp, täze ýyl üçin hasyl toplaýşy ýaly, mugallymlar we olaryň bilim, terbiýe berýän çagalary dynç alyş günlerinde öz ertirki günleri üçin güýç toplaýarlar.
Ine, hakyky mugallymlar şeýle sogaply işe gulluk edip ýaşaýar. Olar nesilleriň kalplarynda Watanymyza bolan beýik söýgüni döredýärler.
Öz topragyny söýüp, ezizläp, oňa mähir-muhabbetini siňdirip ekin ekýän daýhanyň hasyl alşam düýbünden üýtgeşikdir. Malyny söýüp, ony öz maly saýyp bakýan çopanyň hasyl alşam üýtgeşikdir. Öz kärini ýürekden söýýäniň işi bitirişem, düýbünden başgaçadyr. Halyçylara üns berip görüň! Olar ullakan halyny alty aýlap ýekeje çitimden çitip, dokap çykýarlar. Eger öz sungatyny söýmeýän halyçy bolanda, ol uzak haly dokap bilmez, sebäbi beýle inçe işler diňe söýgini talap edýär.
Işine yhlasly mugallym öz kärini ýürekden söýeni üçin öz edýän işinden lezzet alyp, watansöýüji ýaşlaryň geljegini ak daňlara atarýar.

Firýuza JORAMYRADOWA,
Farap etrabynyň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.