Gyşyň salkyn günleri golaýlaşdygyça adam bedeni bu üýtgeşiklige taýýarlykly bolmagy talap edýär. Halk arasynda aýdylýan «Salkyn geýineni synar» diýen pähim gymmatly hakykaty belleýär: pasla görä geýinmezlik we bedeniň sowamagy immunitetiň gowşamagyna, dürli wiruslaryň giň ýaýramagyna sebäp bolýar. Şu sebäpden hem ildeşlerimiziň gyş paslynda aýratyn-da ünsli bolmagyny maslahat berýäris.
Howanyň sowamagy bilen dümew we ýiti respirator wirusly ýokançlaryň döreme ähtimallygy ep-esli artýar. Grip, paragrip, rinowirus, adenowirus ýaly wiruslar esasan ýokançly damjalar arkaly ýokuşýar we ilki bilen dem alyş ýollaryny zeperlendirýär. Bu keselleriň alamatlary diňe bir burnuň akmagy bilen çäklenmän, myşsa agyrylary, ysgynsyzlyk, kellagyry, üşütme, endamyň gowşaýşy ýaly köp sanly görkezijiler bilen hem utgaşýar. Bir-iki günden bolsa üsgülewük gury görnüşde ýüze çykyp başlaýar. Ilkinji alamatlar ýüze çykanda adamyň öýde rahatlanmagy iň dogry ädimdir. Çagalaryň şeýle ýagdaýda mekdebe ýa-da çagalar bagyna gitmegi diňe bir öz saglygyna däl, eýsem töwerekdäki beýleki çagalaryň hem kesellemek howpuny artdyrýar.
Köp adamlaryň esasy edýän ýalňyşlygy — wirusly ýokançlarda antibiotik dermanlary içmäge howlugmagydyr. Biz — lukmanlar munuň düýpden dogry däldigini nygtaýarys. Antibiotikler diňe bakteriýalara garşy täsir edýär, wirusly kesellerde bolsa peýdasy ýokdur. Tersine, gözegçiliksiz ulanylanda bedeniň goranyş ukybyny peseldip, antibiotiklere durnuklylygyň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin diňe lukman maslahat berende ulanmak amatlydyr.
Wirusly ýokanç dogry bejerilmese, öýken sowuklamasy, gaýmorit, otit, sinusit, hatda ýürek-damar ulgamyna zeper ýetirme ýaly agyr gaýra üzülmeler döräp biler. Bu bolsa her bir adama wiruslaryň ýeňil görünýän alamatlaryna hem ünsli bolmagyň möhümdigini ýatladýar.
Biz halkymyza öňüni alyş çäreleriniň möhümdigini aýratyn nygtaýarys. Ýurdumyzda höwes bildirýän raýatlar üçin dümew we birnäçe ýokanç kesellere garşy ýokary hilli waksinalar arkaly öňüni alyş sanjymlary alnyp barylýar. Bu sanjymlar keseliň agyr görnüşine uçramagyň öňüni alýar, immuniteti güýçlendirýär.
Şeýle-de saglygymyz üçin aşakdaky kadalara berk eýermegi maslahat berýäris:
— pasla görä geýinmek;
— witaminlere baý iýmit ulanmak, esasan hem C witaminini köp kabul etmek;
— otaglary yzygiderli ýelejirtmek we çygly arassaçylyk işlerini geçirmek;
— sport, bedenterbiýe we dynç alyş düzgünine eýermek.
Gyşyň sowuk günlerinde saglygy goramak her birimiziň öz elimizdedir. Dogry geýinmek, wagtynda bejergi almak we öňüni alyş çärelerine üns bermek — güýçli immunitetiň, rahat gyş paslynyň we şeýlelikde sagdyn durmuşda ýaşamagyň möhüm şerti bolup durýar.
Begenç ÝARADANOW,
Welaýat onkologiýa hassahanasynyň anesteziolog reanimatolog lukmany.
