DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

“Motorolla” noutbuk öndürip başlar

Eplenýän smartfonlary we aralyk modelleri bilen tanalýan Motorola kompaniýasy ilkinji noutbugynyň çykýandygyny habar berdi. Täze önüm häzirlikçe diňe hindi bazary üçin yglan edildi diýip, Gizmochina portaly habar berýär.
Hytaýyň Lenovo korporasiýasyna degişli amerikan brendi enjamyň tizerini Hindistandaky iň uly onlaýn dükanlaryň biri bolan Flipkart platformasyna ýerleşdirdi.
Noutbugyň häsiýetnamasy, dizaýny we bahasy barada entek hiç zat aýdylmady. Tizerde Motorolanyň nyşany we “Noutbuklaryň täze batyrgaý dünýäsi. Basym tanyşdyrylyşy bolar” diýen ýazgy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: