MEDENIÝET

Moskwada Mamed Guseýnowyň fortepiano albomynyň konsert – tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi

21-nji sentýabrda Moskwada Aleksandr Skrýabiniň ýadygärlik muzeýiniň myhman jaýynda halkara sazçylyk konkursy bolan “Dutaryň owazy” atly festiwalyň IX tapgyrynyň garşysyna kamera sazlarynyň konserti bolup geçdi. Ol festiwalyň möhüm wakalarynyň bütin hatarlarynyň özboluşly girişi boldy. Olaryň arasynda: akademiki sazlary has gowy ýerine ýetirmek boýunça dürli ugurdaky sazandalaryň Halkara bäsleşigi, “Älem sözi” atly okaýjylaryň Halkara bäsleşigi, Beýik watançylyk urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan “Sungatyň aýnasynda urşuň ýüzi” atly temada Halkara ylmy-tejribe konferensiýa.
Asly türkmen bolan döwrebap rus kompozitory, pianinoçy-wirtuoz, pedagog Mamed Guseýnowyň “Çagalar üçin alty fortepaino pýesalary” atly täze albomynyň tanyşdyrylyşy konsertiň programmasynyň merkezi wajyp wakalarynyň biri bolup durdy. Kompozitoryň döredijilik mirasynyň diapazony örän giňdir, onuň gorunda sazçylyk-sahna, simfoniki, kamera-instrumental we wokal eserler agdyklyk edýär.
Gündogaryň we Günbataryň medeniýetleriniň özara baglanyşygy, milli aýratynlyklarymyzyň kompozitorçylyk tehnikasynyň, ritmleriň we garmoniýasynyň döwrebap usullary bilen tebigy sintezde öwrülmeleri, aýdyň suratlandyrylan polifoniki pikirlenme – ynha bular onuň stiliniň häsiýetli aýratynlyklarydyr.
Mamed Guseýnowyň döredijilik durmuşy sazçylyk-jemgyýetlilikden aýry däldir. Ol giňden ýaýran Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň art- direktory, şeýle hem “Çagalar gadymy sazlaryň dünýäsinde”, “Adamlar saz çalýarlar”, “Ciao Italia –salam Russiýa” atly abraýly halkara bäsleşikleriň emin agzasy bolup durýar.

Kompozitoryň “Çagalar üçin alty fortepaino pýesalary” toplumynyň täze neşiri çagalar sazçylyk we sungat mekdepleri, ýörite sungat kollejleri we ýörite sungat mekdepleri üçin niýetlenendir. Şonuň bilen birlikde, ol beýik çeperçilige we pedagogiki gymmatlyga eýedir we bu gymmatlygy ony köpsanly tanymal pianinoçylaryň repertuarlaryna goşmaklyga teklip edýär.
Aýratyn hem, onuň tanyşdyryş dabarasy rus pianinoçysy, bütin Russiýa we halkara bäsleşikleriň laureaty, Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň Baş baýragynyň eýesi – Mariýa Buýanowanyň ýerine ýetirmekliginde geçirildi.
Toplumyň pýesalaryny öňünden habar berýän giriş makalasy görnükli türkmen sungaty öwrenijisi, halkara we milli döredijilik bäsleşikleriň laureaty Ýuliýa Jumaýewa tarapyndan ýazylypdyr. Makala eseriň döreýiş taryhyna bagyşlanýar we onuň kompozision-stilistik aýratynlyklarynyň sazçylyk derňewini görkezýär.
Eseriň düzümine – alty kiçijik pýesalar: “Çagalygyň owazy”, “Trubadur” (Bagşy), “Hekaýa”, “Ajaýyp düýş”, “Skarabeý”, “Ýurduňy küýsemek” Noktýurny degişlidir. Gysga we ýönekeý sazçylyk ştrihleri bilen kompozitor çagalaryň gözi arkaly dünýäni özüniň eseriniň keşplerinde özboluşly suratlandyrýar.

Pýesalar ajaýyplyy, sesleri ýagty beýan edijilik, melodiýanyň we garmoniýanyň özboluşlylygy, formasynyň konsentrirlenenligi, ýewropanyň we gündogaryň başlangyçlarynyň tebigy sintezi bilen tapawutlanýar.
Mamed Guseýnowyň ýygyndysynyň hakyky illýustrasiýasy biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda örän tanymal ajýyp suratkeşe, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri – Kössekmyrat Nurmyradowa degişlidir.
Kamera sazynyň konsertiniň programmasyna Juzeppe Werdiniň, Şarl Gunonyň, Aleksandr Alýabýewiň, Modest Musorgskiýniň, Aleksandr Skrýabiniň, Çary Nurymowyň, Mamed Guseýnowyň eserleri, şeýle hem harby tematika bagyşlanan eserler goşulypdyr. Olar görnükli rus sazandalary: Ýelizaweta Rumenkonyň (skripka), Margarita Gawrilinanyň (soprano), Mariýa Mitýurewanyň (soprano), Darýa Guseýnowanyň (soprano), Polina Weresiň (soprano), Mamed we Darýa Guseýnowlaryň (fortepiano, diskant), Ýelena Družinkinanyň (soprano) ýerine ýetirmeklerinde ýaňlandy.

Konsertiň alyp baryjysy -Russiýanyň sazandasy Ewgeniý Wolkow. Ýeňil we köpugurly eserleriň awtory suratlary dörediji – meşhur teatryň fotosuratçysy Irina Şimçak. Bu dabara döredijiilik intelligensiýasynyň wekilleri, Russiýanyň görnükli medeniýet we sungat işgärleri, SMI-niň wekilleri gatnaşdylar we olar bu geçirilen dabaranyň sazyň taryhyny gorap saklamakda örän täsirlidigini, şeýle hem medeni gepleşikleri özara baglanyşdyrmak we baýlaşdyrmak işinde örän täsirlidigini bellediler.

Ýuliýa JUMAÝEWA,
Saz öwreniji, Lebap welaýat ýörite sungat
mekdebiniň mugallymy