MEDENIÝET

Moskwada lebapda doglan aýdymçy ýatlanyldy

Moskwada Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95
ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen bilbili» atly konsert geçirildi. Zurab Sereteliň Sungatlar
galereýasynda geçirilen bu çäre Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy»
atly IX Moskwa halkara sungat festiwalyna badalga berdi.
Konserte Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri, şol sanda ilçi Esen
Aýdogdyýew, türkmen diasporasy, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdy.
Myhmanlaryň köpüsi ajaýyp aýdymçy we mugallym bolan Medeniýet Şahberdiýewa hakynda ýakymly ýatlamalary bilen paýlaşdylar.
Özboluşly soprano sesi bilen tanalýan Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi köp
kompozitorlara, şol sanda festiwaly esaslandyryjy Mämmet Guseýnowa hem ylham çeşmesi
bolup hyzmat edipdi.
Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi kompozitor Nury Halmämmedow bilen berk
baglanyşyklydyr. Nury Halmämmedow Medeniýet Şahberdiýewa üçin ýigrimi bäşden gowrak
romans ýazypdyr. Olaryň arasynda «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň eşidilmedik
aýdymlary» atly wokal-simfoniki eser hem bar. Bu eser konsertde Darýa Guseýnowa
tarapyndan täsirli ýerine ýetirildi.
Konsertde şeýle hem Ýewropa klassikasynyň arialary we türkmen kompozitorlarynyň
romanslary Moskwanyň teatrlarynyň tanymal we geljegi uly aýdymçylary tarapyndan ýerine
ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: