Möhüm saglyk çäresi geçirilýär
Şu günler «Süýt mäzleriniň howply döremelerine garşy göreş» diýlip yglan edilen di. Bu ugurda welaýatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, welaýat onkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Biraýlygyň dowamynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de etrap, şäher saglyk öýleriniň guramagynda onkolog lukmanlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýaşaýan, okaýan we dynç alynýan ýerlerde süýt mäzleriniň howply täze döremeleri we onuň öňüni almak, anyklamak, bejermek hem-de saglygyny dikeltmek babatynda giňişleýin wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlary geçirilýär. Çärelere dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşýarlar. Onda lukmanlar bu howply keseliň garşysyna hemmeleriň bilelikde göreşmegini ündew edildi.