LUKMANÇYLYK

«Moderna» kompaniýasy WIÇ-iň garşysyna waksinanyň kliniki synaglarynyň başlanýandygyny yglan etdi

«Moderna» kompaniýasy mRNK-plaforamsynyň esasynda WIÇ-e garşy waksinanyň kliniki synaglarynyň başlanýandygyny yglan etdi. Kompaniýa «ClinicalTrials.gov» saýtynda 18—50 ýaşyndaky meýletinçileriň WIÇ keseline otrisatel testli 56-syny gözleýändigi barada habar berdi. Kliniki synaglaryň ilkinji tapgyry 19-njy awgustda başlandy we 2023-nji ýylyň baharyna çenli dowam eder. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Adamlarda iki «dalaşgär» waksinany synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler. Olaryň ikisi hem haýwanlarda synagdan geçirildi we howpsuzlgy ýüze çykaryldy, diýip, «BioSpace» salgylanmak bilen «Фармпром.рф» habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: