Gowy geýinmek, moda görä geýinmek adamyň ylhamyny joşdurýar, döredijiligini we özüne bolan ynamyny ýokarlandyrýar. Eýsem moda näme? Moda latynça “EDIL HÄZIR” diýmekligi aňladýar. Ol esasan hem köpçüligiň belli bir wagtyň dowamynda iň köp peýdalanan zadyny görkezýär. Moda dünýäsiniň taryhyna ser salsak 1900-njy ýyllarda Ýewropada söwdegärler, tikinçiler öz işlerini
köpçülige hödürlemeklige üns berip başlapdyrlar. Modanyň atasy hasaplanýan Paul Poiret ilkinji bolup Parižde özüniň tikinçilik öýüni (modalar öýüni) açypdyr.
Ýewropada ilkinji bolup aýallaryň kostýumyny, ilkinji atyry we birnäçe zatlaryň ilkinjilerine öz goluny çeken dünýä belli Paul Poiretiň muzeýi häzir Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýär.
Moda diýilse ilki bilen hemmämiziň aklymyza Italýanyň Milan şäheri gelýär. Milan häzirki wagtda dünýäniň iň baý, iň ýokary derejeli döredijilik we sungat merkezidir.
Adamzat taryhynda eşik 30000 ýyl bilen 114000 ýyl öň döräpdir diýen çaklamalar bar. Bu takmynlar Afrikadan adamlaryň başga materiklere göçmegi bilen, howa şertlerine görä geýinmäge zerurlygyň döränligi bilen düşündirilýär.
Wagtyň geçmegi bilen egin-eşikleriň has üýtgeşik görnüşleri döredilip başlandy.
Sungat bilen senagatyň birleşmegi netijesinde emele gelen egin-eşikler gün-günden kämilleşip olara kybapdaş dürli aksessuarlar hem döredilip başlandy.
Modanyň trendlerini hasaba alýan gurama Halkara Moda Federasiýasy bolup Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýär.
AZIMJANOWA Şemşat,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby